Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

16.06.2015 | Türkmen futbolçylary Aziýanyň iň gowy toparlarynyň biri bilen deň oýnady

Daşoguz, 16-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň ýygyndysynyň futbolçylary ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň merkezinde 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama oýnunyň çäklerinde Eýranyň topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar.


16.06.2015 | Türkmenistanyň Mary şäheri - 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty syýahatçylyk forumyna gatnaşyjylary garşylaýar

Mary, 16-njy iýun (TDH). Şu gün Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde “Syýahatçylyk –parahatçylygyň ilçisi we gatnaşyklaryň çeşmesi” atly halkara maslahaty açyldy, oňa dünýäniň 20-ä golaý ýurdundan syýahatçylyk we dynç alyş ulgamynyň hünärmenleri gatnaşýar. Ispaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň, Bolgariýanyň, Çehiýanyň, Slowakiýanyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Türkiýäniň, ABŞ-nyň, Awstraliýanyň, Täze Zelandiýanyň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri bu ýere ýygnandylar.


16.06.2015 | Türkmenistanyň gazhimiýa ulgamyny ösdürmäge alan ugrunyň dünýädäki abraýy artýar

Hazaryň kenarynda ýerleşýän Gyýanly şäherçesindäki döwrebap gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň taslamasy eksport-karz agentlikleri tarapyndan maliýeleşdirilýän 2014-nji ýylda Ýewropada we Ýewraziýada on taslamanyň iň gowularynyň biri hökmünde Beýik Britaniýanyň “TXF” guramasynyň ýörite baýragyna mynasyp boldy.


16.06.2015 | Türkmenistanyň DIM-de geçirilen duşuşyk

Aşgabat, 16-njy iýun (TDH) . Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Katar Döwletiniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Haled ben Muhammed Al Atiýýa bilen duşuşyk geçirildi.


16.06.2015 | Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi

Aşgabat, 16-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň Geňeş agzalarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” we 8-nji “Dostluk” saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk meselelerine bagyşlanan nobatdaky mejlisi geçirildi.


16.06.2015 | Bilermenleriň dermanlyk serişdeleri patentleşdirmek boýunça halkara maslahaty

Aşgabat, 16-njy iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň ukabul edilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanan derman serişdelerini goramagyň köp ugurly hukuk we amalyýeti boýunça iki günlük sebitleýin okuw maslahaty öz işine başlady.


14.06.2015 | Aşgabatda halkara ylmy maslahat işini tamamlady

Aşgabat, 13-nji iýun /TDH/. Şu gün türkmen paýtagtynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara maslahatynyň ikinji--jemleýji güni boldy. Oňa dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan görnükli alymlar gatnaşdylar.


14.06.2015 | Watana gulluk etmek—mukaddes borç

Aşgabat, 13-nji iýun (TDH). Şu gün ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň--Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň we Türkmenistanyň Içeri işler ministliginiň institutynyň talyplarynyň nobatdaky goýberilişi boldy. Bu waka mynasybetli esasy dabaralar paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada guraldy.


13.06.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň duşuşygy

Aşgabat, 13-nji iýun (TDH). Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň arasynda gepleşikler geçirildi.


13.06.2015 | Resmi habar 13-nji Iýun

Ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, şeýle hem adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň 361-sini Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek bellenildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter