Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

21.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrine gutlag hatyny iberdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.


21.03.2020 | Döwlet Baştutanynyň adyna hatlar gelip gowuşdy

Nowruz baýramy mynasybetli Size we Türkmenistanyň halkyna öz adymdan hem-de azerbaýjan halkynyň adyndan iň gowy arzuwlarymy iberýärin.


21.03.2020 | Milli Liderimiz ýazky köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna badalga berdi

Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasy geçirildi. Bag ekmek dabarasy bahar paslynda tebigatyň aýratyn sahawatly häsiýete eýe bolýandygy, gülläp ösüşi, mähriban topraga söýgini özünde jemleýän ruhy däplere we gymmatlyklara ygrarlylygy alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe bagyşlandy.


21.03.2020 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

Biz ýurdumyzda 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz baýramyny giňden belläp geçýäris.


20.03.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.


20.03.2020 | Döwlet Baştutanynyň adyna hatlar gelip gowuşdy

Tutuş türk halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi hem-de doganlyk türkmen halkyny parahatçylygy, bolçulygy we agzybirligi alamatlandyrýan hem-de biziň umumy gadymy müňýyllyk däp-dessurlarymyzyň aýrylmaz bölegi bolan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


20.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglary iberdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Nowruz güni mynasybetli döwlet Baştutanlaryna hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny iberip, doganlyk ýurtlara we halklara durnuklylyk hem-de gülläp ösüş baradaky iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.


20.03.2020 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de paýtagtymyzyň sil suwlaryndan goraglylygyny has-da güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» Paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.


20.03.2020 | Türkmen halyçylygy — ýurdumyzyň däp-dessury we häzirki zaman nyşany

ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azule hormatly Prezidentimize türkmen milli halyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi hakynda şahadatnamanyň asyl nusgasy bilen bilelikde resmi hatyny ugratdy.


19.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk we senagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter