Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

24.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 24-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de birnäçe düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, şol sanda Milli özgertmeler maksatnamasyny ýerine ýetirmek, şanly seneleri mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly ugurlara we döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe möhüm meselelerine garaldy.


24.08.2015 | Bolgariýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

Türkmenbaşy, 24-nji awgust /TDH/. Şu gün Bolgariýanyň Premýer-ministri Boýko Borisow Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen 25-nji awgustda Aşgabatda geçiriljek gepleşikleriň öň ýanynda myhman ýurdumyzyň iri senagat, ulag we dynç alyş merkezleriniň biri bolan Türkmenbaşy şäherine baryp gördi.


23.08.2015 | Birža täzelikleri 23-nji awgust

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.


23.08.2015 | Türkmen-bolgar hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýoly bilen

Şu gün, 24-nji awgustda Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowyň Türkmenistana resmi sapary başlanýar.


23.08.2015 | Turkmen uşuçylary dünýä çempionatyna taýýarlyk görýärler

Aşgabat, 23-nji awgust (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň “Galkynyş” sport toplumynda uşu boýunça ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşyň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelän türgenler kesgitlenildi. Bu ýaryş bilen bilelikde ýakyn wagtlarda dünýä çempionatynda Watanymyzyň sport abraýyny goramaga erkekleriň we zenanlaryň arasynda saýlama ýaryş hem geçirildi.


21.08.2015 | Türkmen talyplarynyň halkara ders bäsleşiklerinde gazanan nobatdaky üstünligi

Türkmen talyplary Eýran Yslam Respubilkasynyň Hemedan şäherinde geçirilen talyplaryň matematika boýunça 16-njy, himiýa boýunça 8-nji hem-de statistika boýunça 2-nji halkara bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler.


21.08.2015 | Eýranyň ХI ýöriteleşdirilen sergisi öz işini tamamlady

Aşgabat,21-nji awgust (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň ХI ýöriteleşdirilen sergisiniň ýapylyş dabarasy boldy. Bu sergi goňşy ýurduň esasy kompaniýalarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen köp ugurlarda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini görkezdi.


21.08.2015 | Resmi habarlar 21-nji Awgust

Türkmenistanyň ilatynyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talaba laýyk kanagatlandyrmak, awtomobil ulaglarynda ýolagçylaryň ýokary hilli gatnadylmagyny, olara medeniýetli hyzmat edilmegini gazanmak, şeýle hem “Awtomobil ulagy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ýolagçylary we goşlary awtoulagda daşamagyň düzgünleri tassyklanyldy.


21.08.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 21-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


20.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň 2015-nji ýylyň 19-20-nji awgustynda Türkmenistana resmi sapary boldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter