Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

15.11.2016 | Resmi habarlar 15-nji Noýabr

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň arasyndaky gadymdan gelýän doganlyk gatnaşyklaryny hem-de özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň häzirki derejesini göz öňünde tutup, Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işini guramaçylykly alyp barmagy üçin degişli şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine ýokarda agzalan ilçihanany paýtagtymyzda ýerleşdirmek üçin degişli şertnamany bellenen tertipde baglaşmak tabşyryldy.


15.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Aşgabat, 15-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny – Russiýanyň “BTK Holding” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Taýmuraz Bolloýewi we “Renaissance Holding” türk kompaniýasynyň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.


15.11.2016 | Aşgabatda Palestina Döwletiniň Ilçihanasy açyldy

Aşgabat, 15-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň resmi açylyşy boldy. Dabara iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.


14.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Palestina Döwletiniň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi

Aşgabat, 14-nji noýabr /TDH/. Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn agşam Aşgabada ilkinji resmi sapary bilen gelen Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasyň arasynda gepleşikler geçirildi.


14.11.2016 | Dünýä çempionatynda ýene bir medal

Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa şäherinde sambo boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynyň jemleýji güni Türkmenistanyň ýygyndy toparyna ýene bir, bürünç medal getirdi. Söweş sambosy boýunça 52 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Nowruz Ataýew şeýle üstünlige mynasyp boldy.


14.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdulaziz Al-Sauda onuň dogany Şazada Turki bin Abdulaziz Al Saudyň aradan çykmagy zerarly Türkmenistanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan çuňňur gynanç bildirdi.


14.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 14-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşyp, döwlet Baştutanymyza özlerine ynanylan işleriň ýagdaýy we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.


13.11.2016 | Halkara medeni gatnaşyklar milli sungaty baýlaşdyrýar

Seul, 13-nji noýabr (TDH). Şu gün Koreýanyň Milli muzeýiniň Ýong teatrynda ýurdumyzyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda iri döredijilik çäresi Türki medeniýetiniň festiwalynyň çäklerinde guralan Türkmenistanyň güni mynasybetli çäreler boldy.


13.11.2016 | Dünýä çempionatlarynda türkmen pälwanlarynyň üstünlikleri

Rumyniýada hem-de Bolgariýada geçirilen karate we sambo boýunça dünýä çempionatlarynda çykyş eden ildeşlerimiz medallaryň altysyny gazandylar.


13.11.2016 | Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň nyşany astynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň giň halkara gatnaşyklaryna açyk syýasaty dünýä bileleşigi bilen syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli gatnaşyklary üçin oňaýly şertleri döretdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän, oňyn Bitaraplyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan bu syýasat ýurdumyza uly abraý getirdi. Birnäçe möhüm wakalary öz içine alan geçen hepde munuň aýdyň subutnamasy boldy.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter