Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

12.07.2015 | Birža täzelikleri 12-nji Iýul

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 59-sy hasaba alyndy.


11.07.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Aşgabat, 11-nji iýul /TDH/. Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň arasynda gepleşikler geçirildi.


11.07.2015 | Türkmenistan- Hindistanyň “Business Сentral Asia” žurnalynyň sahypalarynda

Nýu-Deli şäherinde (Hindistan Respublikasy) çap edilýän hem-de Aziýa sebitiniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly, şeýle hem sebitiň çäklerinden alyslarda ýaýradylýan “Business Сentral Asia” halkara žurnaly öz iýun aýyndaky sanyny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň gazanan üstünliklerine bagyşlady.


10.07.2015 | Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy — milli ýangyç-energetika toplumynyň öňbaşçysy

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň innowasion ösüşi babatda milli Liderimiziň başyny başlan maksatnamalaryny, şol sanda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy.


10.07.2015 | Sebitde durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

Şu gün, 11-nji iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn agşam resmi sapar bilen türkmen paýtagtyna gelen Hindistanyň Premýer-Ministri Narendra Modiniň duşuşygy bolar.


09.07.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden ÇYKYŞY (2015-nji ýylyň 9-njy iýuly)

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Hormatly adamlar! Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemlemek bilen, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňümizde durýan wezipeler barada durup geçmek isleýärin.


09.07.2015 | Resmi habarlar 9-nji Iýul

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Baýramow Döwran Atamyradowiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


09.07.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 9-njy iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi, şeýle hem Prezident maksatnamasynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine seredildi.


09.07.2015 | Türkmen uşuçylarynyň nobatdaky üstünligi

Biziň türgenlerimiz golaýda Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde geçirilen uşu söweş sungaty boýunça 8-nji halkara ýaryşynda uly üstünlige eýe boldular: Türkmenistanyň sport gazananlarynyň üsti sekiz medal bilen ýetirildi. Olaryň üçüsi altyn, ikisi kümüş we üçüsi bürünç medallardyr.


08.07.2015 | Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Al-Baji Kaid As-Sibsi, Tunis Respublikasynyň Prezidenti Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter