Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

25.05.2015 | TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde «Arkadag» Binasyny açmak hakynda

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň zähmetsöýer, agzybir halky Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ykdysady we medeni ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlar bilen öňe barýar.


25.05.2015 | Sport syny

Geçen dynç alyş günleri paýtagtymyzda guralan köp sanly sport çäreleriniň hatarynda Tailandyň Pattaýa şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji bolan türkmen küştçilerini sarpalamak dabarasyny bellemelidiris. Gadymy oýnuň ýaş mukşdaklary dünýä çempionatynda iki altyn we bir bürünç medala mynasyp boldular.


25.05.2015 | “Ak şäherim—Aşgabat” sergisi tamamlandy

Aşgabat, 25-nji maý (TDH). Şu gün Sergi köşgünde türkmen paýtagtynyň geljekki ösüşine, şäher gurluşygy we jemagat hyzmatlary ulgamyndaky täzeçil ýörelgelere we şäher gurşawynda oňaýly şertleriň döredilmegine bagyşlanan “Ak şäherim Aşgabat” atly ХIV köpugurly Halkara sergisiniň ýapylyş dabarasy boldy.


25.05.2015 | Mekdep uçurymlary üçin “Soňky jaň” mynasybetli dabaralar

25-nji maýda ýurdumyzyň orta umumybilim mekdepleriniň müňlerçe uçurymlary üçin “soňky jaňyň” owazy ýaňlandy.


24.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Şu gün Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna köpsanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlaglary iberenler Watanymyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabadyň durmuşynda täze sahypanyň açylýandygy, onuň möhüm halkara syýasy, işewürlik, medeni, syýahatçylyk merkezi hökmünde ähmiýetiniň barha ýokarlanýandygy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, döwlet Baştutanymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden we mähirli gutlaýarlar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan iri möçberli işlerinde üstünlikler arzuw edýärler.


24.05.2015 | Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine

Mähriban uçurymlar! Sizi bilimleriň ak ýoluna ataran mekdep ýyllarynyň tamamlanyp, ajaýyp arzuwlara, belent maksatlara beslenen durmuş ýoluňyzda täze menzilleriň başlanýandygyny alamatlandyrýan şatlykly baýram - «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Goý, Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda giňden geçirilýän bu dabaralar bagtyýar ýaşlarymyzyň ýüreklerinde ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary galdyrsyn!


24.05.2015 | Türkmenistan—Gyrgyz Respublikasy: dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklary ösdürilýär

Bişkek, 24-nji maý (TDH). Şu gün Gyrgyz Respublikasynyň A.Maldybaýew adyndaky Akademiki opera we balet teatrynyň uly zalynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Onda iki dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti guraldy.


24.05.2015 | Birža täzelikleri 24-nji Maý

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.


24.05.2015 | “Ak şäherim Aşgabat” atly halkara sergi

Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde- “Ak şäherim Aşgabat” atly ХIV Halkara köpugurly sergisi açyldy.


23.05.2015 | Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Aşgabat, 23-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky sekizinji maslahaty geçirildi. Oňa degişli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary boýunça işlenip taýýarlanylan kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň taslamalary girizildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter