Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

12.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Monako döwletiniň baştutany bilen duşuşdy

Tegi, 12-nji aprel (TDH). Koreýa Respublikasynda geçirilýän VII Bütindünýä suw forumyna gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün bu ýerde Monako Emirliginiň baştutany, emir Alber II bilen duşuşdy.


12.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň VII Bütindünýä suw forumynda eden çykyşy (2015-nji ýylyň 12-nji apreli, Tegu şäheri – Koreýa Respublikasy)

Hormatly başlyk! Hormatly Foruma gatnaşyjylar! Hanymlar we jenaplar! Şu ýere ýygnananlaryň ählisini VII Bütindünýä suw forumynyň açylmagy bilen gutlaýaryn we Onuň Alyhezreti Koreýa Respublikasynyň Prezidentine, Bütindünýä Suw Geňeşine bu möhüm halkara duşuşygyna gatnaşmaga iberen çakylygy hem-de bu çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin çuňňur hoşallygymy bildirmäge rugsat ediň.


12.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti VII Bütindünýä suw forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Tegu — Seul, 12-nji aprel (TDH). Koreýa Respublikasynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün bu ýurda döwlet saparynyň maksatnamasynyň öňüsyrasynda Tegu şäherinde geçirilýän VII Bütindünýä suw forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


12.04.2015 | Türkmen köli: ulanylan suwlary gaýtadan peýdalanmak boýunça dünýädäki oňyn tejribe

Mälim bolşy ýaly, suw tutuş Merkezi Aziýa sebiti, şol sanda Türkmenistan üçin ýaşaýşyň we geljekki ösüşiň iň gymmatly serişdeleriniň biridir. Hut şuňa görä-de, daşky gurşawy goramak, şol sanda suw serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak bilen bagly wezipeler Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurdyr. Türkmenistanyň «Suw hakyndaky» Kodeksi oba hojalygynda, senagatda we durmuş ulgamynda suwdan peýdalanmagyň hukuk binýady bolup hyzmat edýär.


11.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna geldi

Aşgabat-Tegu, 11-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinden milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.


11.04.2015 | Birža täzelikleri 11-nji Aprel

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.


11.04.2015 | Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi başlandy

Aşgabat, 11-nji aprel (TDH). Şu gün Aşgabadyň sport toplumynda ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň birinji saýlama tapgyry geçirildi. Oňa Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ösdürilip ýetişdirilen we çeýe bedewler gatnaşdyrylýar.


10.04.2015 | Ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlyk

11-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet sapary bilen ugraýar. Şol ýerde döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçylary bilen ýokary derejede ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirer, şeýle hem VII Bütindünýä suw forumyna gatnaşar.


10.04.2015 | Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy

Aşgabat, 10-njy aprel (TDH). Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly biraýlyk giň gerime eýe bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň köpsanlysyny dürli sport, bedenterbiýe hem-de medeni-köpçülikleýin çärelere çekýär.


10.04.2015 | Halkara gurluşyk sergisi işini tamamlady

Aşgabat, 10-njy aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde gurluşyk toplumynyň edaralarynyň işjeň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan Halkara gurluşyk sergisi işini tamamlady. Bu ýerde oňa gatnaşyjylaryň 125-den gowragy, şol sanda 13 döwletden daşary ýurt kompaniýalarynyň 107-si öz önümlerini görkezdiler.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter