Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

18.06.2015 | Resmi habar 18-nji Iýun

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny berjaý etmäge giň ýol açmak, ýaş nesli milli ahlak ýörelgelerimize laýyklykda terbiýelemek, raýatlaryň ynanç-ygtykatlaryny erkin berjaý etmegine has oňat şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Lebap welaýatynyň häkimligine Türkmenabat şäherinde 3000 orunlyk metjidiň, 500 orunlyk sadaka berilýän jaýyň, 50 orunlyk myhmanhananyň, awtoduralganyň taslamalaryny düzmek we olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Altyn gül” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.


18.06.2015 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Kabus Bin Said, Omanyň Soltany: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Jenap Prezident, Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen Size tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy iberýändigime örän şatdyryn.


18.06.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ozalky Prezident Süleýman Demireliň biwagt aradan çykmagy zerarly Türkmenistanyň halkynyň adyndan we hut öz adyndan çuňňur gynanjyny beýan etdi.


18.06.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 18-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň häkimleri, käbir düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, milli senenamamyzyň şanly senelerini mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk çärelerine, käbir resminamalaryň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe wajyp meselelerine garaldy.


18.06.2015 | Türkmen bedewi Watanymyzyň ösüşiň belentliklerine tarap ymtylmasynyň nyşanydyr

“Türmken atlary” döwlet birleşiginiň Halkara atçylyk sport toplumy “Intellektual eýeçiliginiň çäginde iň gowy kärhana” atly baýraga mynasyp boldy. Bu abraýly halkara baýragy Intellektual eýeçiliginiň bütindünýä guramasy (WIPO) tarapyndan döredildi. Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň bu hökümetara ýöriteleşdirilen guramasy intellektual eýeçilik ulgamynda esasy halkara konwensiýalaryň birnäçesini dolandyrmak bilen meşgullanýar.


18.06.2015 | Türkmenistana sebitiň ýurtlarynyň döwletara toparynyň ýolbaşçylygynyň ygtyýarlyklary berildi

Aşgabat, 18-nji iýun (TDH). Şu gün “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasynyň (DÖDK) mejlisi geçirildi. Bu komissiýa daşky gurşawy goramak ulgamynda we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnukly ösüşi boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagy we dolandyrmagy amala aşyrýar. Mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi sebitde iri halkara guramalary bilen ekologiýa meselesi babatda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň işjeň tarapdary bolup çykyş edýän Türkmenistana 2015-2016-njy ýyllarda DÖDK-niň ýolbaşçylyk ygtyýarlyklaryny bermekden ybaratdyr.


18.06.2015 | Türkmenistanyň neşirýat pudagynyň öňdebaryjy kärhanasy işini ilerledýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 11-nji iýunda bolan mejlisinde Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işiniň meselelerine degip geçip, ýurdumyzda neşirýat işini ösdürmekde, çap edilýän gazet-žurnallaryň, okuw we ylmy edebiýatlarynyň möçberini artdyrmakda, neşirleriň hilini gowulandyrmakda neşirýat hyzmatlarynyň möçberlerini köpeltmekde Metbugat öýi toplumynyň kuwwatyny has netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny aýtdy we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.


17.06.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaplary neşire taýýarlanýar

Ýurdumyzyň durmuşynda boljak şanly seneleriň öň ýanynda bize ilkinji gezek çapdan çykjak aýratyn neşirler hem garaşýar. Bular, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň galamyndan çykan täze kitaplardyr.


17.06.2015 | Türkmen boksçularynyň we pälwanlarynyň alty medaly

Türkmen türgenleri boks hem-de grek-rim göreşi boýunça ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatlarynyň ikisinde uly üstünlik gazandylar. Umuman, Türkmenistanyň sportda gazananlary medallaryň altysy—bir kümüş we bäş bürünç medal bilen köpeldi.


17.06.2015 | Halkara maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiligini öwrenýärler

Mary, 17-nji iýun (TDH). Şu gün “Syýahatçylyk — parahatçylygyň ilçisi we gatnaşyklaryň çeşmesi” atly halkara maslahatyna gatnaşyjylar onuň işiniň netijelerini jemlediler. Maslahatyň barşynda syýahatçylyk babatda dünýädäki ýagdaýlar hem-de köptaraply hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň syýahatçylyk toplumyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter