Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

03.05.2015 | Birža täzelikleri 3-nji Maý

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy.


03.05.2015 | Resmi habarlar 3-nji Maý

Harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, ýurdumyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlary üçin we asudalygy goramakda bitiren uly hyzmatlaryny hem-de “Watan gerçegi” atly görkezme söweşjeň atyşykly okuw täliminiň ýokary derejede geçirilmeginde aýratyn tapawutlanandyklaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynyň 11-nji bendine laýyklykda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň harby gullukçylaryna harby atlary dakmak hakynda Permana gol çekdi.


01.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň energetika ministrini kabul etdi

Aşgabat, 1-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow strategiki nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça dörttaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň energetika ministri Natig Agaami ogly Aliýewi kabul etdi.


01.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 1-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç energetika toplumyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine we täze düzümlýin taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanyp Aşgabatda geçirilýän dörttaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyzy kabul etdi.


01.05.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 1-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň jemleri jemlendi, şeýle hem döwlet maksatnamalaryny mundan beýläk-de durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan wezipelerine, birnäçe resminamanyň taslamalaryna we içeri we daşary syýasatyň beýleki möhüm meselelerine garaldy, ýakyn geljek üçin meýilnamalar kesgitlenildi.


01.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti mili emeli hemranyň älem giňişligine çykarylmagy mynasybetli gutlaglary kabul etdi

Aşgabat, 1-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ilkinji “TürkmenÄlem 52oE” milli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy mynasybetli ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminden gutlaglary kabul etdi. Türkmen döwletiniň buýurmasy esasynda Fransiýanyň “Thales Alenia Spaсe” kompaniýasy tarapyndan gurlan we “Folсon 9” göteriji tarapyndan 28-nji aprelde kosmos giňişligine çykarylan bu hemra öz işine başlady.


01.05.2015 | Türkmenistanda gazy eksport etmek boýunça dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi

Aşgabat, 1-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, şol sanda Ýewropa ugry boýunça köpugurly turbageçiriji düzümiň bilelikde döredilmegini göz öňünde tutýan gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň ýangyç-energetika pudaklarynyň ýolbaşçylary hem-de Ýewropa Komissiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.


01.05.2015 | Resmi habarlar 1-nji Maý

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da kämilleşdirmek, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň amala aşyrylmagy üçin giň mümkinçilikleri we şertleri döretmek, ilatymyzyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak hem-de ýurdumyzyň öndüriji güýçlerini ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy, şeýle hem şol Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.


01.05.2015 | Taryhy waka mynasybetli täze numizmatika şaýy pullary

Taryhy wakany – Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52o E” ilkinji emeli aragatnaşyk hemrasynyň Älem giňişligine uçurylmagynyň şanyna ýurdumyzyň Merkezi banky her biriniň gymmaty 50 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullaryny, şeýle hem şu ýadygärlik şaýy pallardan toplumlary taýýarlady.


30.04.2015 | Türkmenistan — BMG: ählumumy ynsanperwer wezipeleri çözmekde hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 30-njy aprel (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilelikde guran Merkezi Aziýa migrasiýa akymlary meseleleri boýunça iki günlük okuw maslahaty öz işini tamamlady. Duşuşyga ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter