Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

16.11.2016 | Ýurdumyzda geçirilýän ýaryşlaryň sany artdy

Paýtagtymyzyň Gyşky oýunlar sport toplumynda 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň hem-de 2005-2008-nji ýyllarda doglan çagalaryň arasynda hokkeý boýunça Aşgabadyň ilkinji açyk birinjiligine badalga berildi. Ýaryşa sekiz topar gatnaşýar. Olar birnäçe tapgyrdan ybarat aýlaw görnüşdäki ýaryşda ýarym ýylyň dowamynda baýraklar ugrunda göreşerler.


16.11.2016 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz! Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň baýram edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de Size üstünlik hem-de berk jan saglyk, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we mundan beýläk-de abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýollaýaryn.


16.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Igor Dodona Moldowa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rumen Radýewe Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16.11.2016 | Resmi habarlar 16-njy Noýabr

“Ýangyn howpsuzlygy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.


15.11.2016 | Türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi

Aşgabat, 15-nji noýabr (TDH). Şu gün Owganystan Yslam Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport boýunça baş müdiriýetiniň wekilleriniň Türkmenistana üç günlük sapary tamamlandy. Dostlukly ýurduň wekiliýetine bu müdiriýetiň ýolbaşçysy Mohammad Humaýun Haýrany baştutanlyk edýär. Owganystanyň wekiliýetiniň agzalary saparyň barşynda türkmen hünärmenleri bilen sport hereketini ösdürmek babatynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Sport baradaky döwlet komitetiniň we beýleki guramalaryň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdiler.


15.11.2016 | Palestina Döwletiniň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary tamamlandy

Aşgabat, 15-nji noýabr (TDH). Şu gün, Türkmenistana resmi saparynyň jemleýji gününde Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas ýurdumyzyň Mejlisinde duşuşyk geçirdi.


15.11.2016 | Resmi habarlar 15-nji Noýabr

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň arasyndaky gadymdan gelýän doganlyk gatnaşyklaryny hem-de özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň häzirki derejesini göz öňünde tutup, Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işini guramaçylykly alyp barmagy üçin degişli şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine ýokarda agzalan ilçihanany paýtagtymyzda ýerleşdirmek üçin degişli şertnamany bellenen tertipde baglaşmak tabşyryldy.


15.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Aşgabat, 15-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny – Russiýanyň “BTK Holding” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Taýmuraz Bolloýewi we “Renaissance Holding” türk kompaniýasynyň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.


15.11.2016 | Aşgabatda Palestina Döwletiniň Ilçihanasy açyldy

Aşgabat, 15-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň resmi açylyşy boldy. Dabara iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter