Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

01.09.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Aşgabat, 1-nji sentýabr (TDH). Şu gün, Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bilim ulgamynyň täze desgalarynyň we beýleki käbir desgalaryň açylyş dabarasy boldy.


01.09.2015 | Türkmenistanyň oňyn gender syýasatynyň dünýä ykrarnamasy

Türkmen wekiliýetiniň wekiline şu günler Nýu-Ýork şäherinde (Amerikanyň Birleşen Ştatlary) Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirilýän Parlamentiň Baştutanlarynyň 4-nji Bütindünýä maslahatynyň münberinden çykyş etmek mümkinçiliginiň berilmegi Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiliginde barha ýokarlanýan ornunyň, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda gender deňligi babatda netijeli syýasaty durmuşa geçirýän täze garaýyşly lider hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belent halkara abraýynyň nobatdaky ajaýyp subutnamasyna öwrüldi.


31.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 31-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişiniň, Milli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça sebitlerde ýaýbaňlandyrylan çäreleriň barşyna, şeýle hem döwlet durmuşynyň ileri tutulýan beýleki meselelerine garaldy.


30.08.2015 | Türkmen telekeçileri Halkara Izmir sergisine gatnaşýarlar

Türkmen telekeçileri 28-nji awgustda açylan 84-nji Halkara Izmir sergisine gatnaşýarlar. Türkiýe Respublikasynyň Söwda minstrligi hem-de Izmir şäheriniň Söwda edarasy tarapyndan her ýyl guralýan meşhur we iri sergä dünýäniň altmyşa golaý ýurdundan müňden gowrak edara-kärhana, kompaniýalar gatnaşýar, oňa bir ýarym milliondan gowrak adamyň gelip görmegine garaşylýar.


29.08.2015 | Birža täzelikleri 29-nji Awgust

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.


29.08.2015 | Türkmenistanyň gurluşyk senagaty ýokary dünýä ölçeglerini özleşdirýär

Aşgabat, 29-njy awgust (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda “Türkmengurluşyk-2015” halkara sergisi öz işini tamamlady. Däp boýunça guralýan serginiň çäklerinde “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahat geçirildi. Bu iri forum paýtagtymyzdaky Sergi köşgüni pudagyň dolandyryş düzüminiň işgärleri, gurluşykçylar, marketologlar, işewürler, önüm öndürijiler, bilermenler, önüm getirijiler we buýrujylar üçin özboluşly gepleşik meýdançasyna öwürdi we ýurdumyzyň gurluşyk toplumynyň gazananlaryny, geljekki ösüşini beýan etdi.


28.08.2015 | Dünýä çempionatyndaky üstünlikli badalga

Şu günler Bolgariýanyň Plowdiw şäherinde taekwondo boýunça /ITF görnüşi/ geçirilýän dünýä çempionatynda ýygyndymyz ilkinji medaly gazandy. Mähri Agaýewa “aýratynlykdaky tullar” /toplumlaýyn maşklar/ görnüşinde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.


28.08.2015 | Ýoluň ak bolsun, “ak kerwen”!

29-njy awgustda Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi—pagta ýygymy başlanýar. Mälim bolşy ýaly, 14-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagta ýygym möwsüminiň başlanýan senesini tassyklady. Ine, 29-njy awgustda bolsa döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary pagta ýygymyna girişerler.


28.08.2015 | Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň ýollary

TOPH – Aziýa sebitiniň durnukly ösüşiniň energetika ugry TOPH söz toplumy soňky döwürde Aziýa sebitinде durnukly ösüş baradaky garaýyşlar bilen deňeşdirilýär. Hut şu babatda ol halkara maglumatlar ulgamynda hem-de dürli derejedäki duşuşyklarda barha köp aýdylýar. 27-nji awgustda Kabulda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-owgan gepleşikleri hem munuň aýdyň mysalydyr. Şol gepleşikleriň barşynda iki ýurduň Liderleri diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş yklymda hem parahatçylykly geljegi döretmegiň ähmiýetli ugry hökmünde bu ägirt uly taslama aýratyn üns berdiler.


28.08.2015 | Resmi habarlar 28-nji Awgust

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň sport ulgamynda ýetilen sepgitler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek hem-de 2015-nji ýylda Aşgabat şäherinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter