Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

23.05.2015 | Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Aşgabat, 23-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky sekizinji maslahaty geçirildi. Oňa degişli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary boýunça işlenip taýýarlanylan kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň taslamalary girizildi.


23.05.2015 | Sebit guramasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi

Aşgabat, 23-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahat zalynda Merkezi Aziýa boýunça dopinge garşy sebit guramasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň maslahaty boldy. Oňa gatnaşmak üçin Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Owganystandan, Pakistandan, Mongoliýadan, şeýle hem Bütindünýä dopinge garşy agentliginden wekiller türkmen paýtagtyna geldiler.


23.05.2015 | «Ak şäherim Aşgabat» atly XIV köpugurly halkara sergisine gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar! Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XIV köpugurly halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Her ýylyň 25-nji maýynyň «Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edilmegi bilen, bu baýram indi uly şatlyk-şowhunly aýdym-sazlar bilen giňden bellenip geçilýär.


23.05.2015 | Statistika boýunça pudagara geňeşiň mejlisi

Aşgabat, 23-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara geňeşiň nobatdaky mejlisi geçirildi.


22.05.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 22-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


22.05.2015 | Resmi habarlar 22-nji Maý

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, olary talaba laýyk saklamak hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň her birinde gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümlerini saklamaga niýetlenen bir sany döwrebap sowadyjy ammaryň taslamasyny düzmek hem-de olary gurmak barada degişli ýerli kärhanalar bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.


22.05.2015 | Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasynda Medeniýet günleri

Bişkek, 22-nji maý /TDH/. Şu gün gyrgyz paýtagtynyň T.Satylganow adyndaky Milli filarmoniýanyň uly zalynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.


21.05.2015 | Pakistanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary tamamlandy

Aşgabat, 21-nji maý (TDH). Şu gün Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarifiň Türkmenistana resmi sapary tamamlandy.


21.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmgiň taslamalary bilen tanyşdy

Aşgabat, 21-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan giň möçberli işler hem-de zolagy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy.


21.05.2015 | Resmi habarlar 21-nji Maý

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Esen Öwezmämmedowiç Ýanikow “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter