Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

30.12.2019 | Oleg Kononenko: türkmen Bitaraplygynyň ýörelgeleri häzirki wagtda dünýä giňişliginde uly ähmiýete eýedir

Sizi Täze 2020-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


29.12.2019 | Gahryman Arkadagymyz Ak ýol atly ak behişdi bedewinde mähriban halkymyza Täze ýylda ak ýollara rowanalygy arzuw etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün säher bilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, olaryň türgenleşik işleri bilen tanyşdy.


29.12.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.


28.12.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara ýaryşlara taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy. Şol ýerde öňümizdäki 2020-nji ýylda sport dünýäsinde iri halkara wakalaryň üçüsi bolup geçer. Şolar Sambo boýunça dünýä çempionaty, Futzal boýunça Aziýanyň çempionaty hem-de Dewisiň Kubogy ugrundaky tennis ýaryşynyň tapgyry (Aziýa zolagy/Okeaniýa, IV topar) bilen baglanyşyklydyr.


28.12.2019 | Türkmenistanyň DIM-de geçirilen brifing

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi.


27.12.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramy mynasybetli «Mizan» täjirçilik merkezinde guralan erkin döredijilik dabarasyna gatnaşdy.


27.12.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýyldaky iň soňky, Täze ýyl baýramynyň öň ýanyndaky bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlise Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy.


27.12.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Täze ýyl baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda

Ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:


27.12.2019 | Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary 2020-nji ýyly «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» diýip yglan etmek hakynda

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly uly döredijilik üstünliklerine, ýatdan çykmajak şanly wakalara beslenip, ýurdumyzyň täze taryhynyň sahypalaryna ýazylýar.


27.12.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine uçar heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewe Almaty şäheriniň golaýynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren «Bek Air» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçiligi zerarly, gynanç hatyny iberdi.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter