Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

19.07.2015 | Resmi habar 19-nji Iýul

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi.


19.07.2015 | Galla baýramy mynasybetli dabaralar

Aşgabat, 18-nji iýul (TDH). Şu gün her ýyl iýul aýynyň üçünji ýekşenbesinde bellenilýän Galla baýramynyň öň ýanynda paýtagtymyzdaky Oba hojalyk toplumynyň mejlisler zalynda “Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda gallaçylyk pudagynda ýetilen sepgitler” atly ylmy-önümçilik maslahaty geçirildi. Ony Oba hojalyk ministrligi, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde guradylar.


19.07.2015 | Aşgabatda “Saglyk-2015” halkara sergisi açyldy

Aşgabat, 19-nj iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna hem-de ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan “Saglyk-2015” halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy.


19.07.2015 | Birža täzelikleri 19-njy iýul

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.


19.07.2015 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Dewid Kemeron, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Oraza baýramy mynasybetli Size, Siziň maşgalaňyza we tutuş türkmen halkyna mähirli gutlaglarymy, bagt hem-de abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýollaýaryn.


19.07.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Medeniýet hepdeliginiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenabat, 27-nji iýun (TDH). Amyderýanyň kenarynda festiwal öwüşginlerine beslenen Medeniýet hepdeligi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy—şu gün bu ýerde Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bellenildi.


18.07.2015 | Resmi habarlar 18-nji Iýil

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Sona Agajanowna Annaniýazowa Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri wezipesine bellenildi.


18.07.2015 | Oraza baýramy belent - ruhubelentligiň röwşen dabarasy

Aşgabat, 18-nji iýul (TDH). Şu gün gadymy türkmen topragynda, tutuş musulman dünýäsinde bolşy ýaly, 30 günläp dowam eden mukaddes Oraza aýynyň tamamlanandygyny alamatlandyrýan röwşen Oraza baýramy bellenilýär.


18.07.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Şu günler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna mukaddes Oraza baýramy mynasyebtli köpsanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Bu baýram täze taryhy döwürde türkmen jemgyýetiniň agzybirliginiň we jebisliginiň, halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik ýörelgelerine hem-de däp-dessurlaryna ygrarlydygynyň aýdyň nyşanydyr. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, guramalaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzy ahlak tämizligini, rehimdarlygy we ynsanperwerligi alamatlandyrýan bu mukaddes baýram bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar.


17.07.2015 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Barak Obama, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter