Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

28.05.2015 | Resmi habarlar 28-nji Maý

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, olaryň oňat dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Lebap welaýatynyň häkimligine konsorsiumyň düzümine girýän «Ferhar» we «Kerwen Gurluşyk» hojalyk jemgyýetleri bilen Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähiniň durkuny täzelemek barada şertnama, şeýle hem seýilgähiň çäginde restoranyň, dükanyň we garbanyşhananyň taslamalaryny düzmek we olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.


28.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY 28-nji Maýy

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda


28.05.2015 | Gadymy Merw — türki dünýäsiniň medeni merkezi

Mary, 28-nji maý (TDH). Şu gün Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda “Gadymy Merw — türki dünýäsiniň medeni merkezi” atly halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Bu maslahat Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň çäklerinde geçirilýär.


27.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň wise-premýer-ministrini kabul etdi

Aşgabat, 27-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain toparynyň 4-nji mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip türkmen paýtagtyna gelen Ukrainanyň wise-premýer-ministri, Sebitleýin ösüş, gurluşyk we jemagat hojalygy ministri Gennadiý Zubkony kabul etdi.


27.05.2015 | Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ukrain toparynyň mejlisi

Aşgabat, 27-nji maý (TDH) . Şu gün türkmen paýtagtynda ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-ukrain toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Ukrainanyň wise-premýer ministri, sebitleýin ösüş, gurluşyk we ýaşaýyş-jemagat hojalygy ministri Gennadiý Zubkonyň ýolbaşçylygyndaky uly wekiliýet Aşgabada geldi.


27.05.2015 | Köpasyrlyk taryhy pursatlarda ýurdumyzyň täze ýyl ýazgysy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan üç aýda bir gezek neşir ediýlän “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.


26.05.2015 | Türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň kuwwaty we geljegi

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly üns bermegi netijesinde ýurdumyzyň senagatynyň ähli pudaklary, şol sanda elektroenergetika pudagy çalt depginler bilen ösýär. Onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy bolsa eýýäm ýakyn geljekde onuň kuwwatlyklarynyň ençeme esse artjakdygyny tassyklamaga mümkinçilik berýär.


26.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Prezidentiniň ýörite wekilini kabul etdi

Aşgabat, 26-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlary boýunça ýörite wekili Mohammad Şaker Kargary kabul etdi.


26.05.2015 | Resmi habarlar 26-nji Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin, 2015-nji ýylyň 26-29-njy maýy aralygynda Kuweýt Döwletiniň El-Kuweýt şäherinde gulluk iş saparynda bolar.


26.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko ejesi Ýekaterina Trofimowna Lukaşenkonyň aradan çykmagy zerarly, gynanç hatyny iberdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter