Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

12.06.2015 | Resmi habar 12-nji Iýun

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Zakirjan Jumakulyýewiç Kurbanow Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.


12.06.2015 | Resmi habar 12-nji Iýun

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşandyny goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. “Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


12.06.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti “Baku-2015” I Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Baku,12-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Baku-2015” I Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.


12.06.2015 | Türkmenistanyň ýaş alymlaryna sylaglar gowşuryldy

Aşgabat, 12-nji iýun (TDH). Şu gün Ylymlar güni mynasbyetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça her ýylda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňişi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy gurýar.


12.06.2015 | Türkmenistanda ylmy pudagy ösdürmek boýunça halkara maslahaty geçirilýär

Aşgabat, 12-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly Halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu maslahat ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senä – Ylymlar gününe gabatlanylyp guraldy.


11.06.2015 | Sýurihde Türkmen-şweýsar işewürlik maslahaty geçirildi

Şu hepdede Sýurihde söwda-ykdysady gatnaşyklary, işewür aragatnaşyklary hem-de ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam etmäge gönükdirilen iki günlük Türkmen-şweýsar işewürlik maslahaty geçirildi.


11.06.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Baku — 2015” birinji Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Baku şäherine ugraýar, döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewyň çagyrmagy boýunça hormatly myhman hökmünde “Baku — 2015” ilkinji Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar.


11.06.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 11-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


11.06.2015 | Resmi habarlar 11-nji Iýun

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzy senagat taýdan öňdebaryjy, kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilen uly möçberli özgertmelere esaslanýan ylmy-tehniki syýasaty durmuşa geçirmek, ösen innowasiýa ulgamyny döretmek we innowasiýa işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna, ministrliklere we pudak edaralaryna maksatnamanyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.


11.06.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Şu günler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýurdumyzda 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. Gutlag hatlarynda we telegrammalarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň alyp barýan köpugurly işiniň netijesinde ylym ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygy hem-de olaryň strategiki milli bähbitleri üpjün etmäge, ykdysady ösüşde täze sepgitleri eýelemäge gönükdirilendigi nygtalýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, guramalaryň hem-de edaralaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzy bu ajaýyp baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak we bagtly ömür, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly hem-de giň möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter