Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

09.08.2015 | Birža täzelikleri 9-njy awgust

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.


08.08.2015 | Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ussat ekerançylaryna, edermen bakjaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine

Eziz watandaşlar! Ussat bakjaçylar! Sizi bereketli türkmen topragynyn sahawatynyň şanyna bellenilýän Turkmen gawunynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala agzybirligini, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek we Diýarymyzyň gülläp ösmegi ugrunda çekýän asylly zähmetiňizde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw edýärin!


07.08.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasyndaky gepleşikler

Stambul, 7-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň ikinji – jemleýji güni Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.


06.08.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkie Respublikasyna iş sapary

Stambul, 6-njy awgust (TDH). Şu günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna geldi.


06.08.2015 | Türkmenistan Owganystana kömek bermek baradaky maksatnamasyny amala aşyrýar

6-njy awgustda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde çaga dogrulýan öýüň düýbüni tutmak dabarasy boldy, oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Milli Liderimiziň Buýrugyna laýyklykda çaga dogrulýan öýi Türkmenistanyň doganlyk owgan halkyna saglygy goraýşy ösdürmekde ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen gurlar.


06.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Söwda palatalary we biržalary birleşiginiň başlygyny kabul etdi

Stambul, 6-njy awgust (TDH). Türkiýe Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Türkiýäniň Söwda palatalary we biržalary birleşiginiň başlygy Mustafa Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi. Duşuşyk milli Liderimiziň “Çiragan Palaсе” kaşaň myhmanhanada ýerleşen kabulhanasynda geçirildi.


06.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyz Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

Bişkek, 6-njy awgust /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna amala aşyran iki günlük döwlet saparyny tamamlady.


06.08.2015 | Türkmenistan – Owganystan – Pakistan - Hindistan gaz geçirijisiniň konsorsiumynyň öňbaşçysy kesgitlenildi

Aşgabat, 6-njy awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler minstrliginde hakyky taryhy ähmiýetli waka boldy—Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan baş gaz geçirijisiniň taslamasy baradaky Ýolbaşçy komitetiň 22-nji mejlisiniň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni biragyzdan “TAPI Ltd.” konsorsiumynyň öňbaşçysy hökmünde saýlanyldy.


06.08.2015 | Türkmenistanda Hytaýyň Medeniýet günleri tamamlandy

Aşgabat, 6-njy awgust /TDH/. Şu gün türkmen paýtagtynda Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy hem-de türkmen we hytaý artistleriniň gatnaşmagynda dostluk konserti boldy.


06.08.2015 | Türkmenistanda Geňeş agzalarynyň we käbir saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna möhletinden öň ses bermek başlandy

6-njy awgustda Türkmenistanyň Saýlaw ködeksine laýyklykda ähli saýlaw okruglarynda Geňeşleriň agzalaryny hem-de Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” we 8-nji “Dostluk” saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlaryny saýlamaga möhletinden öň ses bermek başlandy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter