Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

16.05.2019 | Türkmenistanda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV forumy öz işini tamamlady

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV forumy öz işini tamamlady.


16.05.2019 | Aşgabatda pudaklaýyn sergi we halkara ylmy maslahat geçirildi

Şu gün ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda oba hojalygynyň gazananlarynyň sergisi hem-de «Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.


16.05.2019 | Lebap welaýatynyň ýüpekçileri meýilnamany ýerine ýetirdiler

Şu gün Lebap welaýatynyň ýüpekçileri pile tabşyrmak boýunça döwlet borçnamasyny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Ýüpekçileriň birleşen tagallasy bilen kabul ediş bölümlerine dokma senagaty üçin ýokary hilli çig malyň 960 tonnadan gowragy tabşyryldy.


16.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygy halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Garaşsyz ýurdumyzyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan serginiň hem-de «Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


15.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.


15.05.2019 | Türkmenistanda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy geçýär

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy öz işine başlady.


15.05.2019 | Ahal welaýatynyň ýüpekçileriniň zähmet üstünligi

Ahal welaýatynyň pileçi kärendeçileri 156 tonnadan gowrak pile öndürip, ýurdumyzda ilkinji bolup şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi barada habar berdiler. Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda şu welaýatyň häkimi habar berdi.


15.05.2019 | GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara geňeşiniň mejlisi

Şu gün paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky, 22-nji mejlisi geçirildi.


15.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Sizi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara forumyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy işgärleriniň arasynda dostluk gatnaşyklaryny ösdürmekde, özara tejribe alyşmakda örän ähmiýetli we netijeli boljakdygyna ynanýaryn.


14.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna şu ýylda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter