Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

08.01.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumyna baryp gördi we täze dünýä inen taýçanaga Ruhubelent adyny dakdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýola goýlan asylly däbe görä, Täze ýylyň ilkinji günlerinde atçylyk toplumyna baryp gördi. Türkmen halkynyň häsiýetiniň we zehininiň utgaşmagy bilen döredilen deňsiz-taýsyz ahalteke bedewleri gezdirip ýören wagty hormatly Prezidentimize täze taýçanagyň dünýä inendigi barada şatlykly habary aýtdylar.


07.01.2017 | Birža täzelikleri 7-nji Ýanwar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy.


07.01.2017 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Gadyrly doganym, Täze 2017-nji ýyl mynasybetli Sudan Respublikasynyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Size we Türkmenistanyň halkyna hem-de Hökümetine gyzgyn gutlaglarymy ýollaýaryn.


06.01.2017 | Ýanwar ýynda täze ýyl dabaralaryndan hem-de ýaş zehinleriň bäsleşiklerinden ybarat wakalara baý bolar

Ýanwar aýy medeni wakalara baý bolar. 10-njy ýanwara çenli Söwda-senagat edarasynda, “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde, Gökderedäki çagalar sagaldyş –dynç alyş merkezlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda çagalaryň gatnaşmagynda Täze ýyl baýramçylyk dabaralary dowam etdiriler. Döwlet sirkinde Russiýa Federasiýasyndan gelen sirk artistleriniň çykyşlary dowam edýär.


06.01.2017 | Garabogazda gurulýan karbamid zawodynyň gurnama işleri geçirilýär

Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge niýetlenen zawod gurulýar. Taslama “türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan “Misubishi Corporation” (Ýaponiýa) we “Gap Inşaat” (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen bilelikde amala aşyrylýar. Gazhimiýa toplumy Daniýanyň “Haldor Topsoe”, Italiýanyň “Saipem”, Niderlandlaryň “Uhde Fertilazer”, ABŞ-nyň “UOP” kompaniýalarynyň döwrebap tehnologiýalary we häzirkizaman enjamlary bilen üpjün ediler.


06.01.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi, onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


06.01.2017 | Aşgabat Aziadasynyň keşbi etnografiýa özboluşlylygy hem-de bezegiň täsinligini özünde jemleýär

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbi we tumary tassyklanyldy. Aziada-2017-niň dürli keşpler toplumynyň üsti ýurdumyzyň milli hem-de etnografiki özboluşlylygyny, medeni-taryhy aýratynlyklaryny, onuň tebigat dünýäsini we halk däp-dessurlaryny görkezýän çuň manyly alamatlar bilen ýetirildi.


06.01.2017 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, Täze, 2017-nji ýylyň baýram edilmegi bilen gutlaýaryn!


06.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazowyň MAKSATNAMASY

Meni ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hödürlän Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň agzalaryna sagbolsun aýdýaryn we olara işlerinde hemişe uly üstünlikler gazanmaklaryny tüýs ýürekden arzuw edýärin.


06.01.2017 | Alabaý - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbi

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbi we tumary milli amaly – haşam sungatynyň däp bolan bezeg nyşanlarynyň äheňinde döredildi, emma ol häzirkizaman bezeg görnüşinde täzeçe işlenildi. Hususan-da, Oýunlaryň nyşanlarynda türkmen halysynyň belli nagyşlary, gölleri, milli lybaslaryň keşdeleri öz beýanyny tapdy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter