Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

24.06.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň milli medeniýetimize bagyşlanan täze kitaplary

Aşgabat, 24-nji iýun (TDH). Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen medeniýeti” we “Ile döwlet geler bolsa” atly täze kitaplary çapdan çykdy.


23.06.2015 | Medeniýet hepdeligi – 2015: ikinji gün

Türkmenabat, 23-nji iýun (TDH). Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän we türkmen medeniýetiniň, sungatynyň hem-de edebiýatynyň okgunly ösmegine saldamly goşant goşýan Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni giň möçberli medeni-köpçülikleýin çärelere beslendi. Medeniýet hepdeligi halklaryň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam edip, medeniýet we sungat işgärlerini Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyklykda döretmäge ruhlandyrýar.


23.06.2015 | Türki halklaryň sungat ussatlarynyň konserti

Mary, 23-nji iýun (TDH). 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň paýtagty diýlip yglan edilen Mary şäheriniň Ruhyýet köşgünde şu gün ýurdumyzyň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde türki halklaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Daşary ýurtlardan bu aýdym-saz baýramçylygyna Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Gazagystandan, Özbegistandan we Russiýa Federasiýasynyň iki sebitinden- Başkortostandan we Tatarystandan aýdymçylar, sazandalar hem-de kompozitorlar gatnaşdylar.


23.06.2015 | 1 million tonna türkmen gallasy taýýar!

Türkmenistanyň gallaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar—ýurdumyzyň galla kabul ediş bölümlerine 1 million tonna bugdaý gelip gowuşdy.


23.06.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagtany gaýtadan işleýän kärhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Mary welaýaty, 23-nji iýun /TDH/. Şu gün Mary welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumynyň täze desgasy bolan--Sakarçäge etrabynda gurlan we ýylda 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen pagta arassalaýjy kärhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


22.06.2015 | Lebap welaýaty döredijilik forumyna gatnaşyjylary kabul edýär

Türkmenabat, 22-nji iýun (TDH). Şu gün bu ýerde, Amyderýanyň kenaryndaky şäherde, Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Medeniýet hepdeliginiň badalga almagyny alamatlandyran dürli öwüşgünli dabaralar boldy. Ol eýýäm ýurdumyzda üçünji gezek geçirilýär. Milli Liderimiziň bu başlangyjy döredijilik işjeňligini hem-de milli medeniýetimiziň has-da gülläp ösmegini höweslendirmäge, ony dünýäde giňden wagyz etmäge hem-de dünýäniň medeni giňişligine goşulmagyna gönükdirilendir.


22.06.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary

Aşgabat—Mary, 22 –nji iýun (TDH). Şu Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna ugrady.


22.06.2015 | Belent sütünli döwlet Baýdaklary – Watanymyzyň gülläp ösüşiniň nyşany

Mary, 22-nji iýun (TDH). Şu gün Mary welaýatynyň merkezinde Döwlet baýdagynyň sütüniniň açylyş dabarasy aýdyň öwüşginli baýramçylyga öwrüldi.


22.06.2015 | Türkmenistan- Hytaý: Beýik Ýüpek ýoly –dostluk we hyzmatdaşlyk ýoly

Pekin, 22-nji iýun (TDH). Şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň Hytaý halklarynyň merkezi uniwersitetiniň dunganöwreniş ylmy instituty we Pekiniň milli bilim ösüş assosiasiýasy bilen bilelikde guramagynda “Türkmenistan-Hytaý: Beýik Ýüpek ýoly – dostluk we hyzmatdaşlyk ýoly” atly ylmy maslahat geçirildi.


21.06.2015 | Resmi habar 21-nji Iýun

“Standartlaşdyrmak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de “Türkmenistanyň standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen “Türkmenistanyň Döwlet baýdagy” hakyndaky Türkmenistanyň TDS 562-2015 döwlet standarty tassyklanyldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter