Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

01.07.2015 | Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň kuwwaty artýar

2-iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary başlanýar. Bu sapar dostlukly döwletiň Baştutany Giorgiý Margwelaşwiliniň çagyrmagy bilen amala aşyrylýar.


01.07.2015 | Durky täzelenen Grand Türkmen myhmanlary çagyrýar

Paýtagtymyzyň bäş ýyldyzly Grand Türkmen myhmanhanasy düýbünden täze keşbe girdi. Onuň durky täzelenenden soň bu ýerde myhmanlar üçin amatlylygyň we oňaýlyklaryň derejesi ýokarlandy. Şonuň bilen birlikde ýokary derejeli we zerur bolan hyzmatlaryň edilmegi myhmanhananyň esasy aýratynlygy bolup durýar.


01.07.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 1-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meselelere, milli maksatnamalaryň amala aşyrylmagynyň barşyna, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.


01.07.2015 | Aşgabatlylar – iň ökde bilýardçylar

Aşgabatda bilýardyň “Erkin piramida” görnüşi boýunça ähli welaýatlardan we paýtagtymyzdan 60 türgeniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Aýgytlaýjy oýunda paýtagtymyzyň toparynyň iki wekili öz aralarynda güýç synanyşdylar. Gyzykly geçen bu duşuşykda Batyr Aşyrow Begenç Aýdogdyýewi ýeňil bolmadyk oýunda 7:4 hasabynda ýeňmegi başardy.


30.06.2015 | Türkmen karateçileriniň üstünlikleri

Ýurdumyzyň türgenleri adaty karate boýunça geçirilýän halkara ýaryşlarynda üstünlik gazandylar. Biziň watandaşlarymyz Çehiýanyň paýtagtynda geçirilen Praganyň Açyk Kubogy ugrundaky bäsleşiklerde şowly çykyş edip, 27 medallara eýe boldular. Olaryň 11-si altyn, 8-si kümüş we şonça hem bürünç medallardyr.


30.06.2015 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Emomali Rahmon, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.


30.06.2015 | Türkmen telekeçileriniň önümçilik kuwwaty artýar

Soňky günlerde Ahal welaýatynda we Aşgabatda hususy önüm öndürijiler tarapyndan täze desgalaryň birbada birnäçesi açyldy. Bu desgalar türkmen telekeçileriniň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň bazarlaryny ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen doly üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelrini çözmäge goşandyny artdyrmaga çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.


30.06.2015 | Türkmenistan täze ulag geçelgesini gurýar

Türkmenistan sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getirmekde özüniň ornuny pugtalandyrýar. Munuň özi ählumumy durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şertleriniň biridir. Biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen hyzmatdaş döwletleriň bilelikde amala aşyrýan Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly munuň aýdyň subutnamasydyr.


30.06.2015 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 30-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriň netijelerine garaldy, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň netijelliligini ýokarlandyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de olaryň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän gaýragoýulmasyz çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.


29.06.2015 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Wladimir Putin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi üçin köp işleri amala aşyrýan tejribeli we öňdengörüji syýasatçy hökmünde öz Watanyňyzda we daşary ýurtlarda uly abraý gazandyňyz.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter