Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

06.01.2017 | Alabaý - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbi

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbi we tumary milli amaly – haşam sungatynyň däp bolan bezeg nyşanlarynyň äheňinde döredildi, emma ol häzirkizaman bezeg görnüşinde täzeçe işlenildi. Hususan-da, Oýunlaryň nyşanlarynda türkmen halysynyň belli nagyşlary, gölleri, milli lybaslaryň keşdeleri öz beýanyny tapdy.


06.01.2017 | Türkmenistanyň DIM-i halkara KHBS-lerinde, sport we diplomatik toparlarda Aziada-2017-niň PR kompaniýasyny ýaýradýar

Şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maglumat üpjünçüligini ilerletmek maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi beýleki döwlet düzümleri bilen bilelikde çäreleriň Meýilnamasyny işläp taýýarlady, ol dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň häzirki ýeten sepgitleri, üstünlikleri we gazananlary, şeýle hem Aziada-2017-ä görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdyrylmagyna gönükdirilendir.


06.01.2017 | Bäş müňe golaý mekdep okuwçylary ýurdumyzyň çagalar sagaldyş merkezlerinde gyşky dynç alyşlaryny geçirýärler

Mekdep okuwçylarynyň 3,5 müňe golaýy Gökderedäki sagaldyş merkezleriniň 14-sinde gyşky dynç alyşlaryny geçirýärler. Olaryň hatarynda paýtagtymyzyň “Döwletliler köşgünden” 240 çaga we Balkanabadyň çagalar öýünde terbiýelenýän 100 çaga bar.


06.01.2017 | Demirgazyk sebitiň tarp ýerlerinde döredilen oba ilaty ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün edilýär

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda Oguzboý obasynyň ýaşaýjylary täze suw geçirijisine eýe bolar. Onuň gurluşygy ilaty ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýar. Toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylmagy hatardan çykan enjamlaryň hem-de arassalamagyň köne usullarynyň çalşylmagyny, suw akymyny batlandyryjy desgalaryň gurulmagyny, arassaçylyk, ekologiýa talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagyny özünde jemleýär.


05.01.2017 | BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BAGTYÝARLYK DÖWRÜNIŇ ÝYL ÝAZGYSY – 2016-NJI ÝYL

Medeniýet ulgamy 2016-njy ýyl Türkmenistanda “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” şygary astynda geçdi. Munuň özi köp babatda medeniýet ulgamynda geçirilen çäreleriň mowzugyny hem-de many-mazmunyny kesgitledi.


05.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Oraznepesowiç Nurnepesowyň MAKSATNAMASY

Meni Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hökmünde hödürländigi üçin raýatlaryň teklipçi toparyna köp sagbolsun aýdýaryn we olara işlerinde üstünlikler gazanmaklaryny arzuw edýärin.


05.01.2017 | Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak boýunça nobatdaky satuwy yglan etdi

Ykdysadyýetiň döwlete degişli desgalaryny hususylaşdyrmagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hem-de hususy ulgamyň paýyny artdyrmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi hususylaşdyrmak boýunça nobatdaky satuwy yglan etdi.


05.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidentine Wikentiýden, Daşkentiň we Özbegistanyň Mitropolitiden, Orta Aziýada Mitropolitiň edara edýän okrugynyň baştutanyndan

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Çuňňur hormatlanýan jenap Prezident! Täze, 2017-nji ýylyň başlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň.


05.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidentine A.Sergeýewden, GDA-nyň PAA-nyň Geňeşiniň baş sekretaryndan

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi Täze, 2017-nji ýylyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.


05.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidentine Şeýh Hasina, Bangladeş Halk Respublikasynyň Premýer-ministrinden

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz!



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter