Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

29.09.2016 | Türkmenistanda Awstraliýanyň ilçisi işläp başlady

Aşgabat, 29-njy sentýabr /TDH/. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Piter Martin Teşden ynanç hatyny kabul etdi.


29.09.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary

Türkmenabat-Aşgabat, 29-njy sentýabr (TDH). Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün ýerlerde sebiti durmuş we senagat taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, birnäçe iri desgalarda, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy.


29.09.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti göçme iş maslahatyny geçirdi

Iş sapary bilen Lebap welaýatynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we edaralaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Lebap welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda göçme iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri, şol sanda sebit we halkara ähmiýetli möhüm düzüm taslamalaryny amala aşyrmak bilen bagly meseleler girizildi.


28.09.2016 | Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine dalaşgärleriň hödürlenmegi

Aşgabat, 28-nji sentýabr (TDH). Türkmenistanda käbir okruglar boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlaw möwsümine badalga berildi.


28.09.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady

Aşgabat-Türkmenabat, 28-nji sentýabr. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady.


28.09.2016 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň täze gurulýan desgalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

Aşgabat, 28-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyz şäheriň zeýkeş- aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň barşyna baha berip, bina edilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.


27.09.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy

Aşgabat, 27-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de ýurdumyzyň baş şäheriniň energiýa üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berdi.


26.09.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.


23.09.2016 | Türkmenistanda Täze Zelandiýanyň ilçisi işe başlady

Aşgabat, 23-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Täze Zelandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ian Hillden ynanç hatyny kabul etdi.


23.09.2016 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Aşgabat, 23-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter