Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

15.04.2020 | Konstitusion toparyň ýanyndaky Iş toparynyň maslahaty

Şu gün Mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanynda döredilen Iş toparynyň nobatdaky maslahaty geçirildi.


15.04.2020 | Ahalteke bedewi — beýik işlerimiziň we täze ýeňişlerimiziň nyşany

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Karary atçylyk ulgamyndaky işleri kämilleşdirmek, bu pudagy ösdürmek ugrunda täze çemeleşmeleri ornaşdyrmak boýunça nobatdaky ädim boldy.


15.04.2020 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek, halkymyzyň milli buýsanjyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


15.04.2020 | Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky türkmen-ukrain geňeşmeleri

Şu gün göni wideoaragatnaşyk arkaly Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky nobatdaky türkmen-ukrain geňeşmeleri geçirildi.


15.04.2020 | Ýurdumyzda öndürilýän önümler halkara bazarda eýeleýän ornuny berkidýär

Şu gün Daşary işler ministrliginde Halkara sergiler býurosynyň baş sekretary Dimitri Kerkentzes bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.


15.04.2020 | Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasy bilen gatnaşyklaryny ösdürýär

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) girmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.


15.04.2020 | Daşary ykdysady işiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde 2020-nji ýyl üçin hereketleriň meýilnamasyny ornaşdyrmak boýunça Utgaşdyryjy toparyň birinji mejlisi geçirildi.


14.04.2020 | «Ýaşyl» tehnologiýalar – halk hojalyk toplumyny ösdürmekde ileri tutulýan ugur

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşky gurşawy goramak hem-de bu ugurda abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ulgamynda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmek boýunça ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işleriniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine gönükdirilen Buýruklara gol çekdi.


13.04.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.


13.04.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky (Şweýsariýa Konfederasiýasy, Ženewa şäheri) Türkmenistanyň Hemişelik wekili Atageldi Baýjanowiç Haljanow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Naýrobidäki (Keniýa Respublikasy) edarasynyň (UNON), Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasynyň (UNEP), Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasynyň (UN-HABITAT) ýanyndaky (oturýan ýeri Ženewa şäheri) Hemişelik wekili wezipesine bellenildi.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter