Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

08.11.2016 | Kuala-Lumpurda ýokary derejede gepleşikler geçirildi

Kuala-Lumpur, 8-nji noýabr (TDH). Şu gün Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Sri Mohd Najib Tun Abdul Razakyň arasynda gepleşikler geçirildi.


08.11.2016 | Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy

Daşkent, 8-nji noýabr /TDH/. Şu gün özbek paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy we ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti boldy.


08.11.2016 | Türkmenistan türki medeniýetiniň festiwalyna gatnaşýar

Seul, 8-nji noýabr /TDH/. Şu gün düzüminde estrada aýdymlaryny meşhur ýerine ýetirijiler, belli sazandalar we tansçylar bolan Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň paýtagtynda geçirilýän türki medeniýetiniň halkara festiwalynyň açylyş dabarayna gatnaşdy.


07.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy

Aşgabat-Kuala-Lumpur, 7-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Malaýziýa ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.


07.11.2016 | Türkmenistan-Koreýa: tehnologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Aşgabat, 7-nji noýabr (TDH). Şu şün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda türkmen-koreý ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bagyşlanan “Energetika, ulag we senagat ulgamlarynda tehnologiýa hyzmatdaşlygy we teklipler” atly maslahat geçirildi.


06.11.2016 | Türkmenistanyň ýygyndy topary – halkara ýaryşynyň ýeňijisi

Aşgabat, 6-njy noýabr (TDH). Şu gün Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň Sportuň oýun görnüşleri toplumynda geçen 3х3 basketbol boýunça halkara ýaryşyň ýeňijileri kesgitlendi. Türkmen türgenleri erkekleriň arasyndaky ýaryşlarda altyn we kümüş medallary zenanlaryň arasynda bolsa altyn medaly eýelediler.


06.11.2016 | Türkmenistanyň Russiýadaky şekillendiriş sungatynyň tanyşdyryş sergisi

Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň Moskwadaky sergi toplumynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen “Gadymy Merwiň täsin rowaýatlary” atly kitabyň tanyşdyryş sergisi geçirildi.


06.11.2016 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz! Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size, Hökümetiňize we halkyňyza iň mählili gutlaglarymy beýan edýärin.


05.11.2016 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Horwatiýa Respublikasynyň raýatlarynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň ýurduňyzyň we halkyňyzyň abadançylygy baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmek isleýärin.


04.11.2016 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 4-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi hem-de ozal kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi we ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter