Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

25.10.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 25-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň “ARETI” kompaniýasynyň ýobaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.


25.10.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 25-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.


25.10.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti “Polimeks” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 25-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belli “Polimeks” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjany kabul etdi.


25.10.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Aşgabat, 25-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sun Weýduny kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


25.10.2016 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 25-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


25.10.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýne we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarife Kwetta şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


25.10.2016 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz! Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hoşniýetli goňşuçylygy ösdürmek hem-de berkitmek maksady bilen men jenap Sun Weýduny Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim.


25.10.2016 | Türkmenistanyň ulag ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşarky bazarlara çykarmagy hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegi milli ykdysadyýetimiz üçin möhüm wezipe hökmünde kesgitledi. Munuň özi köp babatda Türkmenistanyň dünýäniň hem-de sebitiň ulag-aragatnaşyk ulgamyna çekilmeginiň derejesine bagly bolup, bu ulgam döwletleriň arasynda maddy binýat we haryt dolanyşygynyň guraly bolup durýar.


25.10.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Tanä Katar Döwletiniň ozalky Emiri Şeýh Halifa bin Hamad Al Taniniň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ýollady.


24.10.2016 | Gumdagly ýetginjek türgenleriň ýeňşi

Kabbadi boýunça Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Balkan welaýatynyň kubogy ugrunda açyk ýaryşyň ýeňijileri kesgitlenildi. Ýaryşyň baş baýragyna ýer eýeleri --«Bars» toparynyň türgenleri mynasyp boldular. Olar ýaryşyň aýgytlaýjy duşuşygynda aşgabatly türgenleri 76:19 hasabynda ynamlay ýeňmegi başardylar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter