Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

27.10.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi

Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkini kabul etdi.


27.10.2016 | Resmi habarlar 27-nji Oktýabr

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramakda, Watanymyzyň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmakda, raýatlaryň howpsuzlygyny hem-de asudalygyny üpjün etmekde, şeýle hem Watan goragçylaryny mertlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlaryny, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaraly harby ýörişe we ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge


27.10.2016 | Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk geçirildi

Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün Mejlisde Pakistan Yslam Respublikasynyň parlamentiniň wise-spikeri Murtaza Jawed Abbasiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli paýtagtymyza gelen wekilçilikli topar bilen duşuşyk geçirildi.


27.10.2016 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy, şeýle hem Siziň ýurduňyzyň halkyna bagt we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy uly kanagatlanma duýgusy bilen ýollaýaryn.


27.10.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 27-nji oktýabr /TDH/. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ýyldyrym Tugrul Türkeşi kabul etdi.


27.10.2016 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi, oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly ýörişiň jemleri jemlenildi hem-de käbir möhüm meselelere seredildi.


27.10.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 27-nji oktýabr /TDH/. Şu gün tutuş ýurdumyz uly joşgun bilen özüniň baş milli baýramyny—Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygyny giňden we dabaraly belleýär.


27.10.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli sylaglary gowşurdy we gutlaglary kabul etdi

Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy” diýen ýubileý medallaryny gowşurdy.


27.10.2016 | Ata Watanymyzyň goragçylaryna sylaglar gowşuryldy

Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün bellenilýän şanly sene – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň çäginde dabaraly harby ýörişe we ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge işjeň gatnaşan ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly ýubileý medalyny gowşurmak dabarasy boldy.


27.10.2016 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün türkmen halky baş milli baýramyny – eziz Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününi belleýär. Şu ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna 25 ýyl dolýar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter