Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

06.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyz Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

Bişkek, 6-njy awgust /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna amala aşyran iki günlük döwlet saparyny tamamlady.


06.08.2015 | Türkmenistan – Owganystan – Pakistan - Hindistan gaz geçirijisiniň konsorsiumynyň öňbaşçysy kesgitlenildi

Aşgabat, 6-njy awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler minstrliginde hakyky taryhy ähmiýetli waka boldy—Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan baş gaz geçirijisiniň taslamasy baradaky Ýolbaşçy komitetiň 22-nji mejlisiniň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni biragyzdan “TAPI Ltd.” konsorsiumynyň öňbaşçysy hökmünde saýlanyldy.


06.08.2015 | Türkmenistanda Hytaýyň Medeniýet günleri tamamlandy

Aşgabat, 6-njy awgust /TDH/. Şu gün türkmen paýtagtynda Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy hem-de türkmen we hytaý artistleriniň gatnaşmagynda dostluk konserti boldy.


06.08.2015 | Türkmenistanda Geňeş agzalarynyň we käbir saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna möhletinden öň ses bermek başlandy

6-njy awgustda Türkmenistanyň Saýlaw ködeksine laýyklykda ähli saýlaw okruglarynda Geňeşleriň agzalaryny hem-de Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” we 8-nji “Dostluk” saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlaryny saýlamaga möhletinden öň ses bermek başlandy.


05.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler

Aşgabat-Bişkek, 5-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gyrgyz Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.


05.08.2015 | Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugatyň öňündäki çykyşy

Men öňi bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyzystana bolan döwlet saparynyň täze many - mazmuna eýe bolandygyny bellemek isleýärin. Dostlukly we birek-birege düşünişmek esasynda ýokary derejede geçirilen gepleşikler örän netijeli boldy. Munuň özi döwletara gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyry emele getirdi.


05.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat wekillerine ýüzlenmesi

Sag boluň, hormatly Prezident, men ozaly bilen siziň ýurduňyza döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygyňyz üçin minnetdarlygymy beýan etmek isleýärin. Şeýle hem biziň şu gezekki saparymyzyň hyzmatdaşlygy uzakmöhletleýin esasda ösdürmäge ygrarlydygymyzyň alamaty hasap edýärin.


05.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy (ikiçäk)

Men size, siziň ajaýyp ýurduňyza döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygyňyz üçin hem-de mähirli kabul edilendigimiz üçin minnetdarlygymy beýan edýärin hem-de siziň geçen ýylyň güýzünde biziň ýurdumyza bolan resmi saparyňyzy mähirli duýgular bilen ýatlaýaryn.


05.08.2015 | Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine Bişkekde geçirilen gepleşikleriň jemleri barada gürrüň berdiler

Bişkek şäherindäki “Ala-Arça” döwlet kabulhanasynyň Maslahatlar binasynyň Metbugat maslahaty zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlansoň, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etdiler. Onuň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyzystana döwlet saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde şu gün geçirilen gepleşikleriň jemlerine garaldy.


05.08.2015 | Bişkek şäherinde Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Giiňşleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanan soň, “Ala-Arça” Döwlet kabulhanasynda hormatly Prezidentimiziň Gyrgyzystana bolan döwlet saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Metbugat maslahatlary zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter