Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

13.11.2016 | Halkara medeni gatnaşyklar milli sungaty baýlaşdyrýar

Seul, 13-nji noýabr (TDH). Şu gün Koreýanyň Milli muzeýiniň Ýong teatrynda ýurdumyzyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda iri döredijilik çäresi Türki medeniýetiniň festiwalynyň çäklerinde guralan Türkmenistanyň güni mynasybetli çäreler boldy.


13.11.2016 | Dünýä çempionatlarynda türkmen pälwanlarynyň üstünlikleri

Rumyniýada hem-de Bolgariýada geçirilen karate we sambo boýunça dünýä çempionatlarynda çykyş eden ildeşlerimiz medallaryň altysyny gazandylar.


13.11.2016 | Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň nyşany astynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň giň halkara gatnaşyklaryna açyk syýasaty dünýä bileleşigi bilen syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli gatnaşyklary üçin oňaýly şertleri döretdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän, oňyn Bitaraplyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan bu syýasat ýurdumyza uly abraý getirdi. Birnäçe möhüm wakalary öz içine alan geçen hepde munuň aýdyň subutnamasy boldy.


13.11.2016 | Palestina Döwletiniň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary başlandy

Şu gün, 14-nji noýabrda Aşgabatda ýokary derejede türkmen-palestin gepleşikleri geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin düýn agşam Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas türkmen paýtagtyna geldi.


13.11.2016 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!


13.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Liwan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mişel Aunyň Liwan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli oňa mähirli gutlagyny iberdi.


12.11.2016 | Türkmenistanyň samboçylarynyň dünýä çempionatynda gazanan medallary

Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa şäherinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda sambo boýunça dünýäniň 41-nji çempionaty badalga aldy, “Arena Armeýes” toplumynda geçirilýän bu bäsleşiklere 80 ýurtdan türgenleriň birnäçe ýüzüsi gatnaşýar. Ýaryşlaryň birinji gününde türkmenistanlylar iki medala – bir kümüş (söweşjeň görnüşi boýunça) hem-de bir bürünç (nusgawy görnüşi) medala mynasyp boldular.


12.11.2016 | Birža täzelikleri 12-nji Noýabr

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.


11.11.2016 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 11-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly möhüm meselelere, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


11.11.2016 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürrekden çykýan arzuwlarymy uly kanagatlanma duýgusy bilen beýan edýärin.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter