Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

27.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanda kowçum bolup ýaşaýan türkmen wekilleri bilen duşuşdy

Kabul, 27-nji awgust. (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynda resmi saparda bolmagynyň çäklerinde Owganystanda kowçum bolup ýaşaýan türkmen wekilleri bilen duşuşdy.


27.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti...

Kabul, 27-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasyna resmi saparynyň barşynda OYR-nyň Ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy Abdulla Abdulla bilen gepleşikler geçirdi.


27.08.2015 | Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasyndaky gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam edýär

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam edýär. Gepleşikler hormatly Prezidentimiziň Owganystana resmi saparynyň çäklerinde Kabul şäherinde geçirilýär.


27.08.2015 | Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi

Kabul şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda ikiçäk görnüşdäki gepleşikler geçirildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň Owaganystana resmi saparynyň çäklerinde boldy.


27.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Owganystana geldi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Owganystan Yslam Respublikasyna geldi.


26.08.2015 | Köptaraplaýyn bäsleşigiň ussatlarynyň bürünç medallary

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçen köptaraplaýyn bäsleşik boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda türkmen türgenleri bürünç medallaryň ikisini eýelemegi başardylar. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň toparynda iki türgen bolup, olaryň ikisi hem Watanymyza abraýly baýrak bilen dolanyp geldiler.


26.08.2015 | Hünär taýýarlygynyň täze ugurlary

5. Aýnanyň we aýna kristallary materiallarynyň himiki tehnologiýasy


26.08.2015 | «Türkmengurluşyk- 2015» atly halkara sergisine hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň Ösüşi» atly maslahata gatnaşyjylara

Hormatly halkara sergisine we maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmaolar! Siari «Türkmengurluşyk - 2015» atly halkara sergisiniň hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


26.08.2015 | Parahatçylyk döredijilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip

27-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystan Yslam Respublikasyna resmi sapary başlanýar.


25.08.2015 | Türkmen-gazak işewürler maslahaty

Aşgabat, 25-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda türkmen-gazak işewürler maslahaty geçirildi, oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter