Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

03.09.2015 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 3-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň 8 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan jogapkärli wezipelerini netijeli çözmek maksady bilen bu edaralaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.


03.09.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistan-ABŞ Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

Aşgabat, 3-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan-ABŞ Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory jenap Erik Stýuarty kabul etdi.


02.09.2015 | Resmi habar 2-nji Sentýabr

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.


02.09.2015 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Jenap Prezident!


02.09.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Aşgabat, 2-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ralf Andreas Breti kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


01.09.2015 | Türkmenistanda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy geçirilýär

Aşgabat, 1-nji sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda IIM-niň Çagalar awtomobil şäherjigi ýaşlar üçin öz gapylaryny giňden açdy. Ol döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, şu gün badalga alan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň aýdyň wakalarynyň birine öwrüldi. Açylyş dabarasyna awtomobil sportunyň muşdaklary, aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary, hormatly ýaşulular we ýaşlar, şeýle hem bu ýerde ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenjek, awtomobil şäherjiginiň ýaş eýeleri bolan köpsanly çagalar gatnaşdylar.


01.09.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi

Aşgabat, 1-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýolbaşçylaryndan gutlaglary kabul etdi.


01.09.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna köpsanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri öz hatlarynda döwlet Baştutanymyzyň bilim ulgamynda geçirýän özgertmeleriniň bu ulgamy dünýä derejesine çykarmaga, okatmagyň innowasion usullaryny giňden ornaşdyrmaga, tutanýerli zähmeti bilen eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny beýgeltjek zehinli ýaşlary kemala getirmäge gönükdirilendigini belleýärler.


01.09.2015 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!


01.09.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Aşgabat, 1-nji sentýabr (TDH). Şu gün, Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bilim ulgamynyň täze desgalarynyň we beýleki käbir desgalaryň açylyş dabarasy boldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter