Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

06.03.2017 | “Oguzhan” köşkler toplumynda giňişleýin düzümde türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ikiçäk gepleşikleri tamamlanandan soň, ýokary derejedäki gepleşikler giňişleýin düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.


06.03.2017 | Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikiçäk gepleşikleri geçirdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aşgabatda ikiçäk görnüşde gepleşikleri geçirdiler. Gepleşikler Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soň, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumynyň Ikiçäk gepleşikler zalynda geçirildi.


06.03.2017 | Garaşsyzlyk meýdançasynda Özbegistanyň Prezidentiniň resmi taýdan garşylanyş dabarasy boldy

Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Garaşsyzlyk meýdançasynda dabaraly resmi garşylanyşy boldy.Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz kärdeşini mübärekledi.


06.03.2017 | Aşgabat Özbegistanyň Prezidentini garşylaýar

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew döwlet sapar bilen Türkmenistana geldi.


05.03.2017 | 6-njy martda Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri geçiriler

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana döwlet sapary bilen gelýär.


05.03.2017 | Petko Draganow Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň BMG-na agza bolmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady

“BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin Sebit merkeziniň adyndan we hut öz adamdyn Size hem-de ähli türkmen halkyna Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna girmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan etmäge rugsat ediň.


05.03.2017 | Prezident Fransua Olland türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident!


04.03.2017 | Resmi habarlar 4-nji Mart

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Merdanguly Magtymgulyýewiç Päliwanow Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.


04.03.2017 | Oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýyllyk 1 göterim we 5 göterim bilen ýeňillikli karzlar berler

Oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak, oba hojalygyna innowasiýalary, döwrebap tilsimatlary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


04.03.2017 | Hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda baglaşylan geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 24,7 million dollaryndan gowrak boldy

Şu hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 64-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtobenzini, nebit koksuny satyn aldylar.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter