Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

12.02.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: nebitgaz toplumy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de onuň halkara energoulgama depginli goşulyşmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň bu ulgamda amala aşyrýan iri möçberli maýa goýum taslamalary diňe bir möhüm ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem örän uly orun tutýar.


12.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktoryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogini kabul etdi.


12.02.2020 | Raýdaşlyk çempionatynda türkmen agyr atletikaçysynyň üstünligi

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça halkara raýdaşlyk çempionatynyň jemleýji gününde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň sylaglarynyň üsti ýene bir altyn medal bilen ýetirildi.


12.02.2020 | Milli Liderimiziň baş şygary: «Döwlet adam üçindir!»

Şu gün, 12-nji fewralda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanylmagyna üç ýyl dolýar.


11.02.2020 | Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bellenilýän şu ýylda milli parlamentiň işiniň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.


11.02.2020 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşy

Biziň, haýsydyr bir jogapkärli işe başlanymyzda halkymyz bilen geňeşip, onuň pikirine esaslanmak ýaly ajaýyp milli däbimiz bar. Şu parasatly däbe eýerip, biz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň wezipelerini ara alyp masla-hatlaşmak üçin şu gün siziň bilen duşuşýarys.


11.02.2020 | Daşkentdäki çempionatda ökdeler öňe saýlanýar

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça halkara raýdaşlyk çempionatynyň nobatdaky gününde Türkmenistanyň ýygyndysy ýene-de üç medala mynasyp boldy.


10.02.2020 | Agyr atletikaçylaryň saýlama ýaryşlary

2020-nji ýylyň 8 — 12-nji fewraly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde agyr atletika boýunça 6-njy halkara raýdaşlyk çempionaty («Tokio 2020» Tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş) geçirilýär. Bu ýaryşlara 37 döwletden türgenler gatnaşýar. Türkmenistanyň ýygyndy toparynda bu ýaryşlarda 8 türgen çykyş edýär.


10.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonsony kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.


10.02.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika

2019-njy ýylda köp sanly desgalaryň ulanmaga berilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli syýasatynyň ajaýyp miwesidir, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň kuwwatynyň barha artýandygynyň subutnamasydyr.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter