Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

19.10.2016 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze zaman ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 19-njy oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Ruhabat etrabynda Täze zaman ýaşaýyş jaý toplumynyň III tapgyrynyň, şeýle hem Garagum derýanyň üstünden geçýän täze köpriniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.


19.10.2016 | Türkmenistan-Hytaý: iki ýurduň we tutuş sebitiň bähbidine hyzmatdaşlyk

Çendu, 19-njy oktýabr (TDH). Şu gün Hytaýyň iri işewürlik merkezleriniň biri bolan Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde Hytaý Halk Respublikasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň IV forumynyň dabaraly açylyşy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu foruma Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. Duşuşyga gatnaşyjylaryň hatarynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, synçy döwletler hökmünde Belarusuň we Azerbaýjanyň wekiliýetleri bar.


18.10.2016 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda täze desgalaryň birnäçesiniň açylyşyna gatnaşdy

Aşgabat, 18-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan energetika desgalarynyň toplumynyň hem-de ýurdumyz bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edýän dünýäde meşhur “General Electric” amerikan kompaniýasynyň okuw merkezli edara binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


17.10.2016 | «Ösüşiň täze belentliklerine tarap»

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýlanan eserleriniň 9-njy kitaby çapdan çykdy. «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitap döwlet Baştutanymyzyň 2015-nji ýyldaky – jemi 100 işden ybarat – maksatnamalaýyn çykyşlaryny, ylmy makalalaryny, interwýularyny, gutlaglaryny, ýüzlenmelerini özünde jemleýär. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl möhüm wakalara we şanly senelere beslendi: döwletimiziň bitaraplyk halkara-hukuk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli bu ýyl Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýip yglan edildi, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy uly dabara bilen bellenildi, Mary şäheri türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi, aragatnaşygyň milli emeli hemrasy älem giňişligine çykaryldy.


17.10.2016 | Salgyt ulgamy -- garaşsyz durmuş-ykdysady ösüşiň guraly

Milli salgyt syýasatynyň netijeliligi köp babatda döwletiň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini kesgitleýär, aýlyk zähmet haklarynyň we durmuş kömek pullarynyň artdyrylmagy türkmenistanlylaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döredip, onuň maliýe binýadyny berkidýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.


17.10.2016 | Pauerlifting boýunça türkmen türgenleriniň dünýä çempionatynda gazanan üstünlikleri

Höwesjeňler atletika bileleşiginiň (HAB) geçiren ýatan ýeriňden ýörite esbapsyz agyrlygy götermek boýunça Las-Wegasda (ABŞ) geçen, dünýä çempionatynda ildeşlerimiz altyn medallaryň ikisine mynasyp boldular. Merdan Nursähedow (83 kilograma çenli agram derejede) hem-de Döwletnazar Atanazarow (120 kilogramdan ýokary agramda) hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdylar. Türgenlerimiz öz gazanan üstünliklerini ýurdumyzyň baş baýramyna--Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşladylar.


16.10.2016 | Bagtyýarlyk döwrüniň nyşanlary

Şanly sene—Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy ýakynlaşdygyça, Watanymyzyň şöhratly senesine bagyşlanyp, täze desgalaryň, ajaýyp binagärlik açylyşlaryň ulanmaga berlendigi baradaky täzelikler şonça-da köp peýda bolýar. Olar umumylykda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň üstünlikleriniň we gazananlarynyň giň gerimini göz öňünde janlandyrýar.


16.10.2016 | Türkmen welosipedçileri belli tälimçiniň ýolbaşçylygynda türgenleşýärler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna bary-ýogy 11 aý galdy. Şonuň üçin hem türkmen türgenleri bu iri sport ýaryşlaryna halkara hünärmenleriniň hem ýolbaşçylygynda ykjam taýýarlyk görýärler. Häzirki wagtda belli hünärmen, Russiýa Federasiýasynyň at gazanan tälimçisi Albert Kolybin Aşgabatda işleýär. Ol ýarym ýylyň dowamynda welosipedçilerimiz bilen Aziada-2017-niň maksatnamasyna girýän welotrek görnüşleri boýunça türgenleşik işlerini geçirer.


16.10.2016 | Türkmenistanda maýyplygy bolan adamlaryň iş üpjünçilik çygryndaky hukuklary babatda maksatlaýyn çäreleri durmuşa geçirilýär

14-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygryndaky hukuklarynyň doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin 2017-2020-nji ýyllarda amala aşyrylmaly çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady.


15.10.2016 | Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Aşgabat, 15-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň on altynjy maslahaty geçirildi, oňa degişli ministrlikleriň we edaralaryň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda deputatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen baglylykda işlenip taýýarlanan kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň taslamalaryna garadylar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter