Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

14.12.2016 | Türkmen-amerikan işewür hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýoly bilen

Şu gün türkmen paýtagtynda “Türkmenistan-ABŞ” Işewürlik geňeşiniň wekilleriniň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň birnäçe kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň, önümçilik düzümleriniň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda işewür duşuşyk geçirildi. Onuň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alşyldy.


14.12.2016 | Azyk bolçulygyny üpjün etmegiň meseleleri çözülýär

Şu gün ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň merkezinde gök önümleriň bir wagtda 3 müň tonnasyny saklamaga niýetlenen sowadyjy ammar ulanylmaga berildi. Bu täze desga hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilaty özümizde öndürilýän oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli amala aşyrmak üçin welaýatyň azyk senagaty düzümini döwrebaplaşdyrmakda nobatdaky ädim boldy.


14.12.2016 | Skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş tamamlandy

Skaýranning boýunça (iňlis dilinden terjime edilende “Belentlikdäki ylgaw” diýmegi aňladýar) Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň jemi jemlenildi. 2016-njy ýylda ýeňijileri iň soňky bäşinji tapgyr kesgitledi. Bu ýaryş paýtagtymyzyň Çandybil şaýolundan Saglyk ýolunyň gündogar bölegi boýunça “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezine çenli 18 kilometrden gowrak aralyga geçirildi. Ýolda yzygiderli inişleriň we ýapyýokary bölekleriň bolandygy sebäpli, başlangyç pelleden ahyrky pellehana çenli türgenler 1320 metr belentlige galmaly bolýarlar. Ylgaw Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Arçabil etrap häkimligi tarapyndan guraldy.


14.12.2016 | Aşgabat-Kazan: türkmen uçarmanlarynyň täze ugry

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň “Türkmenistan” howa kärhanasy Aşgabat-Kazan ugry boýunça ilkinji ýolagçy gatnawyny ýerine ýetirdi. T5-733 belgili ugur bilen Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) paýtagtynyň arasynda yzygiderli howa gatnawy açyldy. Indi Aşgabatdan Wolga derýasynyň boýundaky şähere hepdäniň 3-7 günleri boýunça häzirki zaman howa ulaglarynda uçup bolar.


13.12.2016 | Ýyladyşhana hojalyklary: obada telekeçileriň täze işewürlik taslamalary

9-njy dekabrda şu ýylyň 11 aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işiniň jemlerine bagyşlanan hökümetiň giňişleýin mejlisinde obasenagat toplumynda geçirilýän özgertmelere aýratyn üns berildi, mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýyladyşhanalaryň hem-de oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça kärhanalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmagy talap etdi.


13.12.2016 | Adam hukuklary – Türkmenistanyň ynsanperwer syýasatynyň ileri tutulýan ugry

9-njy dekabrda geçirilen hem-de şu ýylyň 11 aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine we döwlet durmuşynyň beýleki ileri tutulýan meselelerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1 müň 381 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekdi. Bu çözgüt Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň belent ynsanperwer däplere, ýörelgelere we erk-islege ygrarlylygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.Türkmen halkyna gadym döwürlerden bäri mahsus bolan bu häsiýetler täze taryhy döwürde mynasyp beýanyny tapýar.


13.12.2016 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident, gadyrly doganym! Öz halkymyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi hem-de doganlyk türkmen halkyny Türkmenistanyň Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


12.12.2016 | Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetiniň baştutany işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň baştutany, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Kristian Bergerden ynanç hatyny kabul etdi.


12.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan milli senenamanyň esasy seneleriniň biri bolan Bitaraplyk halkara-hukuk derejesine eýe bolmagynyň 21 ýyllygyny giňden belleýär. Şöhratly sene mynasybetli tutuş ýurdumyz boýunça baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandy. Türkmen paýtagty dabaralaryň esasy merkezine öwrüldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy.


12.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah El-Sisä ýurduň Kair şäherinde Kopt ybadathanasynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter