Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

19.12.2016 | Türkmen kikboksçylarynyň üstünligi

Türkmen kikboksçylary iri halkara ýaryşynda nobatdaky gezek uly üstünlik gazandylar. Bu gezek ildeşlerimiz Estoniýanyň paýtagty Tallinde geçen ýaryşda 14 medal (dokuz altyn, üç kümüş we iki bürünç) gazanmak bilen tapawutlandylar.


19.12.2016 | Kanuna gyşarnyksyz eýermek—öňde duran saýlawlaryň hökmany şertidir

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça saýlaw çäreleri dowam edýär. Şu günler Mejlisiň deputatlary Türkmenistanda Saýlawlary we sala salyşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň işgärleriniň ýardam bermeginde Aşgabatda we welaýat merkezlerinde ýygnaklaryň birnäçesini geçirdiler. Bu çäreleriň maksady —geçiriljek wajyp jemgyýetçilik-syýasy çäräni ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga we halkara tejribelerine doly laýyklykda guramakdan ybarat bolup durýar.


18.12.2016 | Birža täzelikleri 17-nji Dekabr

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.


18.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Kaýseri şäherinde bolup geçen we köpsanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


18.12.2016 | Aşgabatly türgenleriň tapawutlanmagy

Geçen hepde sport wakalaryna baý boldy. Olaryň hatarynda Aşgabatda geçen basketbol (3X3 görnüşli) we bilýard boýunça Türkmenistanyň açyk çempionatlarynyň ikisini, şeýle hem Gubadag şäherinde geçen kabaddi boýunça Daşoguz welaýatynyň açyk çempionatyny görkezmek bolar.


17.12.2016 | Türkmenistanda Prezidentiň wezipesine dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär

Ozal habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsüm bolan we 2017-nji ýylyň fewral aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlara taýýarlyk işleri barha giň gerime eýe bolýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň syýasy partiýalary, şeýle hem raýatlar toparlary tarapyndan ýokary döwlet wezipesine mynasyp görlen dalaşgärler hödürlenýär.


17.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ХV Ýokary Baştutanyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Malaýziýanyň ХV Ýokary Baştutany Sultan Muhammad V Malaýziýanyň Patyşasy hökmünde tagta çykmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.


17.12.2016 | Täze ýylyň öňüsyrasynda guralýan baýramçylyk konserti Özbegistan Respublikasynyň halk artisti Ozotbek Nazarbekowyň çykyşlary bilen dowam etdi

Şu günler ýurdumyzyň we halkymyzyň Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görýän pursatlarynda paýtagtymyzda şanly sene mynasybetli konsertler tapgyry geçrilýär. Bu gün Täze ýylyň öňüsyrasynda guralýan baýramçylyk konserti Özbegistan Respublikasynyň halk artisti Ozotbek Nazarbekowyň çykyşlary bilen dowam etdi.


17.12.2016 | Türk ýyldyzy Aşgabatda

“Onuň arabasy bar...” Bu setirleri okanyndan, okujylarymyzyň köpüsi gürrüňiň kim barada barýandygyny aňan bolsalar gerek. Meşhur türk aýdymçysy, dünýä belli estrada ýyldyzy, kino aktýory Mustafa Sandal Täze ýylyň öň ýanynda türkmen paýtagtynda geçirilýän konsertler tapgyrynda çykyş etmek üçin nobatdaky gezek Aşgabada geldi. Paýtagtymyzdaky Sportuň gyşky görnüşleri toplumynyň buzly meýdançaçynda türk ýyldyzynyň konserti boldy.


16.12.2016 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Öz adymdan hem-de Owganystanyň halkynyň adynda Siziň Alyhezretiňizi we dostlukly türkmen halkyny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 21 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter