Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

31.10.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 31-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, oba hojalyk işleriniň barşyna, milli we sebit ösüş maksatnamalaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ýerlerde işleriň ýagdaýyna garaldy.


31.10.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Matteo Rensä Italiýada gysga wagtyň içinde bolup geçen, adam pidalaryna we uly weýrançylyklara getiren köpsanly ýer titremeleri zerarly çuňňur gynanç bildirdi.


31.10.2016 | Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk

Aşgabat, 31-nji oktýabr /TDH/. Şu gün Mejlisde Zenanlaryň bütinhytaý federasiýasynyň başlygynyň orunbasary hanym Suý Ýuýyň baştutanlygynda Aşgabada gelen Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.


30.10.2016 | Türkmen pälwanlarynyň nobatdaky üstünligi

Naberežnyýe Çelny, 30-njy oktýabr (TDH). Naberežnyýe Çelny şäherinde (Russiýa Federasiýasy) geçirilen nusgawy guşakly göreş boýunça XIV dünýä çempionatynyň hem-de göreş boýunça III dünýä çempionatynyň barşynda türkmen pälwanlary medallaryň 36-syny gazandylar. Ikinji göreş nusgasy boýunça ýaryşlarda biziň watandaşlarymyz umumy toparlaýyn bäsleşiklerde birinji orny eýeläp, altyn medallaryň 12-sine, kümüş medallaryň 9-syna we bürünç medallaryň 3-sine mynasyp boldular.


30.10.2016 | Medeniýet we sungat—Watanymyzyň egsilmez ruhy baýlygy

Aşgabat, 30-njy oktýabr (TDH). Medeniýet – jemgyýetiň jebisleşdiriji we ruhlandyryjy güýjidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Bu ugur Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň möhüm, ruhy serişdesi hökmünde öňe sürüldi.


30.10.2016 | Bagtyýarlyk döwrüniň şuglasy ýolumyza ýagty salýar

Geçen hepde uly we ajaýyp baýramçylygyň – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň nyşany astynda geçdi. Ruhubelentlik we joşgunlylyk ýagdaýynda geçirilen dabaralar eziz Watanymyzyň taryhynyň nobatdaky sahypasyna öwrülip, ýurdumyzyň ajaýyp üstünliklerini we ägirt uly mümkinçiliklerini, halkara giňişligindäki uly abraýyny aýdyň görkezdi.


30.10.2016 | Aziýa halkara demir ýolunyň türkmen böleginiň gurnama işleri tamamlandy

Ymamnazar – Akina, 30-njy oktýabr (TDH). Şu gün türkmen hünärmenleri tarapyndan türkmen-owgan demir ýolunyň ahyrky nokady Akina bekedinde (OYR) soňky ýol seplemleri goýuldy. Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyrynyň – Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan) - Akina (Owganystan) gurluşygynyň taslamasy durmuşa geçirildi.


29.10.2016 | “Aziada-2017” taslamasy Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Bas Assambleýasynda görkezildi

Düzüminde 2017-nji ýyldaky Aziada taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri bolan türkmen wekiliýeti Indoneziýada, Bali adasynda geçirilen Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) 53-nji Bas Assambleýasyna gatnaşdy.


29.10.2016 | Birža täzelikleri 29-njy Oktýabr

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.


28.10.2016 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk sport toplumynda baýramçylyk çärelerine gatnaşdy

Aşgabat, 28-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary geçirildi, olara milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter