Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

02.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogana Stambul şäheriniň gijeki klubynda bolup geçen we köpsanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


02.01.2017 | Gökderede dynç alyş möwsümi

Şu gün paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň ähli künjeklerinden gelen çagalary Gökderäniň ajaýyp dynç alyş toplumlaryna ugratmak dabarasy boldy.


01.01.2017 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, Täze ýyl mynasybetli Size tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn. Goý, Täze ýyl bütin dünýäde parahatçylygyň bähbidine bize ösüş getirsin.


01.01.2017 | Birža täzelikleri 1-nji Ýanwar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.


01.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly - beýik maksatlara tarap

Türkmenistan 2016-njy ýylyň aýagyna durmuş-ykdysady ösüşiniň oňat görkezijileri, tutuş sebit üçin ähmiýeti uly bolan iri taslamalary üstünlikli amala aşyrmak bilen gelip, ertirki gününe ynamly garaýar hem-de täze, 2017-nji ýyly giň gerim bilen garşylap, Garaşsyz Bitarap döwletiň şanly ýylýazgysynda nobatdaky sahypany açýar.


01.01.2017 | Goý, her bir maşgalada bagtyýarlyk bolsun, goý, ýurdumyz bagtyýarlykdan dolsun!

Täze, 2017-nji ýylyň ilkinji minutlarynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde ýene-de bir körpeje türkmenistanly dünýä indi. Ol Türkmenistanda ýetip gelen ýylda doglan ilkinji çaga boldy.


31.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy

Eziz watandaşlar! Mähriban halkym!


30.12.2016 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


30.12.2016 | Türkmenistanda Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň nyşanyny döretmäge bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanda 2017-nji ýylyň Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda Medeniýet ministrligi hem-de Sport baradaky döwlet komiteti ýylyň nyşanyny döretmäge bäsleşik yglan etdiler.


30.12.2016 | Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Türkmenabatda, Daşoguzda we Maryda işewürlik toplumlaryny gurýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi sebitleriň dolandyryş merkezlerinde işewürlik toplumlaryny gurýar. Şol toplumlaryň düzümine TSTB-niň welaýat şahamçasynyň edarasy, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň bölümi, dabaralar zaly, işewürlik hem-de söwda-dynç alyş merkezi girýär.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter