Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

28.11.2016 | Täze halkara polat ýolunyň birinji nobatdakysynyň “altyn sepi” birikdirildi

Halkara Aziýa demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) böleginiň “aliyn sepi” birkidirildi.


27.11.2016 | Hasyl baýramy mynasybetli dabaralar

Aşgabat, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün noýabr aýynyň ahyrky ýekşenbesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Hasyl toýuna bagyşlanan dabaralar geçirildi. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan bu ajaýyp baýramçylyk Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolmak bilen, ekerançylaryň yhlasly zähmetine, olaryň Watanymyzyň öňünde bitirýän hyzmatlarynyň halkymyz tarapyndan ykrar edilýändiginiň alamatyna öwrüldi.


27.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady

Aşgabat- Türkmenabat, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady.


27.11.2016 | Türkmenistan sebitiň geljegi üçin täze ýollary çekýär

Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan) —Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) täze demir ýolunyň işe girizilmegine bagyşlanyp, «Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesi: birinji tapgyr. Türkmenistan XXI asyryň geoykdysady kartasynda » atly suratlar bilen bezelen ýörite neşir çap edildi.


27.11.2016 | Aşgabatda Bütindünýä forumyň çäklerinde pudaklaýyn işewürler maslahaty geçirildi

Aşgabat, 27-nji noýabr /TDH/. Şu gün Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda ulag ulgamy boýunça işewürler maslahaty geçirildi. Bu duşuşyk ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, geljegi uly maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmakda tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir. Şol taslamalar dünýäniň ýurtlaryny we halklaryny ýakynlaşdyrmagy, tutuş sebitleriň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy ugur edinýär.


26.11.2016 | Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat geçirilýär

Aşgabat, 26-njy noýabr (TDH). Şu gün irden paýtagtymyzda, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat geçirildi. Ýokary derejeli forumyň açylyş dabarasyna hem-de umumy mejlise Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.


26.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Belarusuň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygyny kabul etdi

Aşgabat, 26-njy noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiçi kabul etdi.


26.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşygy

Aşgabat, 26-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşdy.


26.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Aşgabat, 26-njy noýabr /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Gruziýanyň Prezidenti Giorgi Margwelaşwili bilen duşuşdy.


26.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Aşgabat, 26-njy noýabr /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyna hem-de Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň – Aziýa halkara ulag geçelgesiniň ilkinji nobatdakysynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen duşuşdy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter