Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

13.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlawlarda gazanan ýeňişi bilen döwlet baştutanlary gutladylar

Ses bermeleriň jemleri Siziň ýokary syýasy abraýyňyzyň, Siziň döwlet Baştutany wezipesinde bitiren işleriňiziň giňden ykrar edilmeginiň, şeýle hem Siziň Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini mundan beýläk-de berkitmäge hem-de raýatlarymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatyňyzyň giňden goldanylýandygynyň subutnamasydyr, diýip Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin belleýär.


13.02.2017 | Türkmen türgenleri Buhara oblastynyň kuraş boýunça açyk çempionatynda 14 medala mynsasyp boldular

Biziň toparymyzda ýaryşyň iň ýokary baýragyna Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary Muhammet Temirow (81 kg çenli), Hudaýberdi Jumaýew (100 kg çenli), Aýnur Amanowa (52 kg çenli) mynasyp boldular. Şeýle hem Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň birinji sport mekdebiniň tälimçisi Mariýa Lohowa (78 kg çenli) we Türkmenistanyň kuraş federasiýasynyň türgeni Gülşat Nasyrowa (63 kg çenli) ýaryşyň altyn medalyna mynasyp boldular.


13.02.2017 | Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Hwan Gýo An Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Geçen ýyllarda iki ýurt syýasat, ykdysadyýet, jemgyýet, medeniýet we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürdiler. Siziň 2015-nji ýylda Koreýa Respublikasyna bolan saparyňyzdan soňra ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň düýpli işjeňleşmegi möhüm ýagdaý bolup durýar.


13.02.2017 | Maldarçylykda işewürlik taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bir ýylyň dowamynda şöhlat önümleriniň ýurdumyza getirilmegini 5,8 esse azaltmaga mümkinçilik berdi

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy 2016-njy ýylda şöhlat önümleriniň daşary ýurtlardan getirilmegini 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende 5,8 esse azaltmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda ilatyň ete, towuk etine, süýde, ýumurtgalara islegleri hususy haryt öndürijileriň hasabyna kanagatlandyrylýar, telekeçiler şeýle hem içerki bazary gök-miwe hem-de bakja önümleriniň esasy bölegi bilen üpjün edýärler.


13.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Frank-Walter Ştaýnmaýeri Germaniýanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Frank-Walter Ştaýnmaýere Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.


13.02.2017 | Halkara synçylary: Türkmenistanda saýlawlar ýokary guramaçylyk derejede, giň bäsdeşlik, aýanlyk we açyklyk ýagdaýynda geçdi

Şu gün Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly düzümleriň halkara synçylarynyň, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar toparynyň gatnaşmagynda geçirilen jemleýji metbugat maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk çärelerine we olaryň geçirilişine guralan synlaryň netijeleri yglan edildi. Çärä ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň, welaýatlaryň we paýtagtymyzyň saýlaw toparlarynyň agzalary gatnaşdylar.


13.02.2017 | Merkezi saýlaw toparynyň deslapky maglumatlaryna görä Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda uly artykmaçlyk bilen öňde barýar

Şu gün Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda metbugat maslahaty geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň deslapky jemleri yglan edildi.


12.02.2017 | Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere mynasyp goşant goşmak—biziň umumy maksadymyz

Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabyndaky 48-nji saýlaw uçastogynda Türkmenistanyň Prezidentinň saýlawlarda ses berip, häzirki döwlet Batutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar ýüzlenip, şu gün ýurdumyzyň we tutuş ürkmen halkynyň durmuşynda şanly wakanyň bolandygyny belledi.


12.02.2017 | Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses berdi

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji mekdepde ýerleşýän 48-nji saýlaw uçastogynda ses berdi.


12.02.2017 | Gündiz sagat bire çenli ýagdaýa görä Türkmenistanyň Prezidentiniň sýlawlarynda saýlawçylaryň dörtden üç bölegine golaýy ses berdi

Şu gün Türkmenistanda ir sagat 7-de ýurduň ähli ýerinde birbada sýlaw uçastoklary açyldy – ýurduň Prezidentiniň saýlawlary badalga aldy. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda hem ses bermek dowam edýär.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter