Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

15.02.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: saýlawlarda özümiň goldanylmagymy gazanan üstünliklerimiziň netijesi hökmünde kabul edýärin

Döwlet Baştutanynymyz Prezident saýlawlarynyň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde çykyş edip, saýlaw uçastoklaryna gelip ses berenleriň ählisine minetdarlygyny beýan etdi geçirdi.


15.02.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi

Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen döwlet Baştutanynyň ählihalk saýlawlarynyň jemlerini yglan etmek üçin Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlarynyň jemleri barada habar berdi.


15.02.2017 | Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň jemlerini yglan etdi

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisininiň barşynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlarynyň jemleri barada habar berdi. Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy saýlaw uçastoklarynyň 2587-siniň döredilendigini, şolaryň 2548-siniň ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda, 39-synyň bolsa Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň we edaralarynyň ýanynda döredilendigini habar berdi.


15.02.2017 | Döwlet Baştutanynyň Permanyna laýyklykda 828 raýatyň günäsi geçildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli günä geçmek hakyndaky Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlaryň 828-si mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek jeza çäresini, şeýle hem goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.


15.02.2017 | Aýrybaba dagynyň belentligine çykýan türkmen alpinistleriniň topary 2 müň metr belentlige galdylar

Düzüminde TDH-niň hem habarçysy bolan bu topar Türkmenistanyň tugyny hem-de Aziada-2017-niň nyşanyny ýurdumyzyň iň beýik nokadyna elter, dag belentligine çykmak ýörişi ýetip gelýän milli baýrama – Döwlet baýdagynyň gününe hem-de Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylyna bagyşlanýar.


15.02.2017 | Resmi habarlar 15-nji Fewral

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi.


15.02.2017 | Pakistanyň hökümet ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasmynyň Premýer ministri Muhammad Nawaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


15.02.2017 | Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serž Sargsýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


15.02.2017 | Döwlet baştutanlary we meşhur syýasy işgärler Gurbanguly Berdimuhamedowa gutlaglaryny iberdiler

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna daşary ýurtlardan gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär.


14.02.2017 | Türkmenistanyň iň beýik nokady bolan Aýrybaba dag depesine alpinistler “Aziada – 2017-niň” nyşanyny çykarar

Ýurdumyzyň gündogarynda, Lebap welaýatynda, Köýtendag dag toplumynyň arasynda Türkmenistanyň iň beýik nokady bolan Aýrybaba dag depesi ýerleşýär. Onuň deňiz derejesinden beýikligi 3139 metre barabardyr. Her ýylyň fewral aýynda türkmen alpinistleri ajaýyp däbe eýerip, Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli bu dag depesiniň çür başyna Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň baýdagyny dikýärler.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter