Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

15.12.2016 | Resmi habarlar 15-njy Dekabr

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, “Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda:


15.12.2016 | Täze dostluk howa ýollary

Ozal habar berlişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň uçar gatnawlarynyň üsti Aşgabat-Kazan-Aşgabat gatnaw boýunça ýene bir möhüm halkara ugur bilen ýetirildi. Şu ugur boýunça gatnaýan uçar Aşgabada gaýdyp geldi.


15.12.2016 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly doganym, jenap Prezident!


14.12.2016 | Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Demokratik partiýasy tarapyndan ýokary wezipä hödürlendi

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ýurdumyzyň Prezidentligine dalaşgär hödürlemäge bagyşlanan maslahaty geçirildi.


14.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Paolo Jentiloni Silweri Italiýa Respublikasynyň Ministrler Geňeşiniň Başlygy wezipesine girişmegi mynasybetli ýürekden gutlady.


14.12.2016 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident! Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň.


14.12.2016 | Türkmen-amerikan işewür hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýoly bilen

Şu gün türkmen paýtagtynda “Türkmenistan-ABŞ” Işewürlik geňeşiniň wekilleriniň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň birnäçe kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň, önümçilik düzümleriniň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda işewür duşuşyk geçirildi. Onuň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alşyldy.


14.12.2016 | Azyk bolçulygyny üpjün etmegiň meseleleri çözülýär

Şu gün ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň merkezinde gök önümleriň bir wagtda 3 müň tonnasyny saklamaga niýetlenen sowadyjy ammar ulanylmaga berildi. Bu täze desga hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilaty özümizde öndürilýän oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli amala aşyrmak üçin welaýatyň azyk senagaty düzümini döwrebaplaşdyrmakda nobatdaky ädim boldy.


14.12.2016 | Skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş tamamlandy

Skaýranning boýunça (iňlis dilinden terjime edilende “Belentlikdäki ylgaw” diýmegi aňladýar) Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň jemi jemlenildi. 2016-njy ýylda ýeňijileri iň soňky bäşinji tapgyr kesgitledi. Bu ýaryş paýtagtymyzyň Çandybil şaýolundan Saglyk ýolunyň gündogar bölegi boýunça “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezine çenli 18 kilometrden gowrak aralyga geçirildi. Ýolda yzygiderli inişleriň we ýapyýokary bölekleriň bolandygy sebäpli, başlangyç pelleden ahyrky pellehana çenli türgenler 1320 metr belentlige galmaly bolýarlar. Ylgaw Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Arçabil etrap häkimligi tarapyndan guraldy.


14.12.2016 | Aşgabat-Kazan: türkmen uçarmanlarynyň täze ugry

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň “Türkmenistan” howa kärhanasy Aşgabat-Kazan ugry boýunça ilkinji ýolagçy gatnawyny ýerine ýetirdi. T5-733 belgili ugur bilen Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) paýtagtynyň arasynda yzygiderli howa gatnawy açyldy. Indi Aşgabatdan Wolga derýasynyň boýundaky şähere hepdäniň 3-7 günleri boýunça häzirki zaman howa ulaglarynda uçup bolar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter