Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

23.01.2017 | Hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň iri täze gurluşyklarynda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň gündogar sebitine iş saparynyň barşynda Amyderýa jülgesiniň senagat we ulag düzüminiň iri gurluşyklarynda işleriň ýagdaýy, durmuş-ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilişi hem-de Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň ösüşi bilen tanyşdy.


23.01.2017 | Welaýatlaryň saýlawçylarynyň dalaşgärler bilen nobatdaky duşuşyklary 25-nji ýanwarda geçiriler

2017-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler bilen duşuşyklary geçiriler.


23.01.2017 | Jumanazar Annaýew Mary welaýatynyň saýlawçylaryna saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasy barada gürrüň berdi

M.Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda saýlawçylaryň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär—Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew bilen duşuşygy boldy. Bu ýere ýerli häkimiýet düzüminiň ýolbaşçylary, sebitiň kärhanalarynyň we guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.


23.01.2017 | Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň dalaşgär Bekmyrat Atalyýew bilen duşuşygy boldy

Türkmenabat, 23-nji ýanwar (TDH). Şu gün Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär—“Rysgal” paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Bekmyrat Atalyýew bilen duşuşygy boldy. Şu mynasybetli S.Seýdi adyndaky döwlet drama teatryna ýerli häkimiýetiň düzümleriniň, kärhanalaryň, daýhan birleşikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar.


23.01.2017 | Ramazan Durdyýew ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň saýlawçylary bilen duşuşdy

Daşoguz welaýatynyň jemgyýetçiliginiň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň, dürli pudaklaryň işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär-Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ramazan Durdyýew bilen duşuşyk boldy.


23.01.2017 | Meretdurdy Gurbanow Balkan welaýatynyň saýlawçylarynyň sowallaryna jogap berdi

Serdar etrabynyň merkezinde Balkan welaýatynyň saýlawçylarynyň döwlet Baştutany wezipesine dalaşgär—Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Gurbanow bilen duşuşygy boldy. Medeniýet öýünde geçen duşuşyga ýerli häkimiýet düzüminiň ýolbaşçylary, sebitiň edaralarynyň we guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


23.01.2017 | Ahal welaýatynyň saýlawçylarynyň Serdar Jelilow bilen duşuşygy geçirildi

Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär—Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň ýolbaşçysy Serdar Jelilow bilen duşuşygy boldy. Duşuşyga zähmetkeş toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.


22.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Lebap welaýatyna iş sapary başlandy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady. Ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň dolandyryş merkeziniň howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.


22.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýne we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarife ýurduň Paraçinar şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly çuňňur gynanç hatlaryny iberdi.


22.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Pranab Mukerjä hem-de Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Andhra-Pradeş ştatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren otly heläkçiligi zerarly, çuňňur gynanç hatlaryny iberdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter