Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

27.01.2017 | Lebap welaýatynda dalaşgär Meretdurdy Gurbanow saýlawçylar bilen duşuşdy

Lebap welaýatynyň merkezindäki S.Seýdi adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär—Daşoguz welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary Meretdurdy Gurbanow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi.


27.01.2017 | Daşoguzda saýlawçylaryň Serdar Jelilow bilen duşuşygy geçirildi

Daşoguz welaýatynyň merkezinde saýlawçylaryň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär-Ahal welaýatynyň Ykdysadyýet we ösüş müdiriýetiniň başlygy Serdar Jelilow bilen duşuşygy geçirildi. N.Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda bolan bu çärä ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, kärhanalaryň işgärleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.


27.01.2017 | Süleýmannepes Nurnepesow Balkan welaýatynyň saýlawçylarynyň sowallaryna jogap berdi

Balkan welaýatynyň saýlawçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär-“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda geçirildi, oňa ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, kärhanalaryň we guramalaryň işgärleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.


27.01.2017 | Durdygylyç Orazowyň Ahal welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşygy boldy

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär--Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow bilen duşuşygy boldy. Duşuşyga welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, kärhanalaryň we daýhan birleşikleriniň işgärleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.


27.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Aleksandr Wan der Bellene Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollady.


26.01.2017 | Döwlet baştutanymyz Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bilen duşuşykda agrar syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitledi

Şu gün Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, ekin meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin görülýän çäreler bilen tanyş boldy. Şeýle hem kärendeçiler we oba hojalygynyň beýleki zähmetkeşleri bilen duşuşdy.


26.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidentine Ispaniýanyň Hökümetiniň Başlygyndan

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


26.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidentine Çernogoriýanyň Prezidentinden

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


26.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidentine Mali Respublikasynyň Prezidentinden

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


26.01.2017 | Türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi

Şu gün Aşgabatda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter