Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

23.12.2016 | Ýaş alymlar merkezi ýaşlaryň ylmy-gözleg işlerini höweslendirer

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlaryň merkezi dörediler.


23.12.2016 | Daşary ýurt döwürleýin neşirlere abuna ýazylyşyk yglan edildi

Türkmenistanda 2017-nji ýylyň birinji ýarymy üçin daşary ýurtlarda çap edilýän döwürleýin neşirlere abuna ýazylyşyk yglan edildi.


23.12.2016 | Türkmen maldarlary ot-iým taýýarlamak boýunça ýyllyk meýilnamany ýerine ýetirdiler

Oba we suw hojalygy minisrtliginiň hem-de Azyk senagaty döwlet birleşiginiň maldarçylyk hojalyklary ot-iým taýýarlamak boýunça ýyllyk meýilnamany doly möçberde ýerine ýetirdiler.


23.12.2016 | Türkmenistanda ýurdumyzyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda 2017-2019-njy ýyllarda başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri çözülýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda 2017-2019-njy ýyllarda başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly guramaçylyk we beýleki meseleleri çözmek boýunça Karara gol çekdi.


23.12.2016 | Hususy bölek gant önümçiligini ýola goýýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan “Hyzmatdaşlar” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ýyllyk kuwwaty 120 müň tonna deň bolan gant önümçiligi boýunça zawody gurmak üçin Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda 15 gektar ýer bölünip berildi.


23.12.2016 | AOH we HÝAG – halkara guramalarynyň ýanynda Türkmenistanyň hemişelik wekilleri bellenildi

Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky (Rim şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Berdimyrat Rejepow Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (AOH) ýanynda Türkmenistanyň Hemişelik wekili wezipesine bellenildi.


23.12.2016 | Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Başlyklyk ediji ýurt hökmünde borçnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen 2017-nji ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi bellenilen çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.


23.12.2016 | Türkmenistanda ýurduň taryhy-medeni ýadygärliklerini gorap saklamak boýunça Gazna dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Medeniýet minisrtliginiň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça Milli müdirligiň ýanynda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramak boýunça Gazna dörediler.


23.12.2016 | Ýurdumyzyň Baş arçasy dürli öwüşginli yşyklara beslendi

Şu gün ýurdumyzyň Baş arçasy dürli öwüşginli yşyklara beslendi. Ol hemmeleriň söýüp garşylaýan, köp garaşdyran we täsinliklere baý bolan Täze ýyl baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigini alamatlandyrdy.


22.12.2016 | Taryhy-medeni miras—Watanymyzyň milli baýlygy

Şu gün Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde orta asyrlaryň taryhyna we medeniýetine bagyşlanan zallaryň täzelenen we üsti ýetirilen sergisi açyldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter