Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

26.12.2016 | Resmi habarlar 26-njyi Dekabr

Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletlerine gitmek we Türkmenistana gelmek baradaky hukuklarynyň döwlet tarapyndan goragyny kepillendirmek, biometriki maglumatly pasportlaryň eýeleriniň halkara gatnawlary üçin açyk bolan gözegçilik-geçiriş bölümlerindäki pasport barlagyndan geçişlerini ýeňilleşdirmek, şeýle hem şol pasportlaryň hakykylygyna güwä geçmegi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


26.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär - Seýdiniň нebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory Ramazan Mustapakulyýewiç Durdyýewiň Merkezi saýlaw toparynda eden çykyşy

Hormatly adamlar! Ýurdumyzda saýlawlar demokratik esaslarda, halkara kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Ata Watanymyzda saýlawlary dünýäde ykrar edilen ölçeglere laýyk geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi raýatlaryň öz erk-isleglerini erkin beýan etmeklerine ähli mümkinçilikleri berýär. Saýlawlar köp partiýalylyk şertlerinde geçirilýär.


26.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanowyň Merkezi saýlaw toparynda eden ÇYKYŞY

Hormatly adamlar! Men şu gün Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň möhüm tapgyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärlige bellige alyndym.


26.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Ahal welaýatynyň baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy Serdar Begmuhammedowiç Jelilowyň Merkezi saýlaw toparynda eden ÇYKYŞY

Hormatly adamlar! 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçiriler.


26.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Oraznepesowiç Nurnepesowyň Merkezi saýlaw topa

Hormatly adamlar! Meni uly döwlet baştutany wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlän, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan watandaşlaryma, esasan hem raýatlaryň teklipçi toparyna köp sagbolsun aýdýaryn we olara işlerinde üstünlikler gazanmaklaryny arzuw edýärin.


26.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýewiň Merkezi saýlaw toparynda eden ÇYKYŞY

Ýurdumyzda 2017-nji ýylyň fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işleri barha ýaýbaňlanýar. Bu möhüm çäre bäsdeşlik esasynda aýanlyk hem-de aç-açanlyk şertlerinde geçýär.


26.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Kowusowiç Annanepesowyň MAKSATNAMASY

Meni Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlän raýatlaryň teklipçi toparyna köp sagbolsun aýdýaryn we olara işlerinde abraý hem-de uly üstünlikler gazanmaklaryny arzuw edýärin.


26.12.2016 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlise welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy.


26.12.2016 | 2016-njy ýylda Türkmenistanda umumy bahasy 5 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolan desgalaryň 202-si ulanmaga berildi

2016-njy ýylda Türkmenistanda umumy bahasy 5 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan desgalaryň 202-si ulanmaga berildi.


26.12.2016 | “Türkmenhimiýa” döwlet konserni ýuwujy serişdeleri öndürýän zawody gurar

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni ýuwujy serişdeleri öndürýän zawody gurar. Täze kärhana ýylda 20 müň tonna önümçilik kuwwatyna eýe bolar. Taýýar edip ulanmaga bermek üçin desganyň taslamasyny düzjek we ony bina etjek potratçyny saýlamaga 2017-nji ýylyň 7-nji fewralyna çenli halkara bäsleşik yglan edildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter