Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

09.02.2017 | Resmi habar 9-njy Fewral

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbanmyrat Arazgulyýewiç Nyýazow Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.


09.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: behişdi bedewler bahasyna ýetip bolmajak deňsiz-taýsyz gymmatlykdyr

Türkmenistanyň Prezidenti sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ahalteke bedewlerine aýratyn sarpa goýýar we at üstünde gezim etmegi ileri tutýar. Ine, şu gün hem döwlet Baştutanymyz üsti ýapyk manežde Baýram han diýen bedewinde gezim etdi.


09.02.2017 | «Aşgabat-2017» meýletinçiler maksatnamasy badalga aldy

Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň “Sport” myhmanhanasynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň meýletin ýardamçylarynyň işiniň başlanmagy mynasybetli çäre geçirildi.


09.02.2017 | Ýurdumyzyň telekeçileri Daşoguz welaýatynyň obalarynyň energiýa üpjünçiligi taslamalaryny durmuşa geçirýärler

Köneürgenç etrabynyň çäginde gurulýan täze şäherçede döwrebap energiýa üpjünçilik ülgamy döredilýär.


08.02.2017 | Aşgabatda bilelikdäki konsert Eýranyň Medeniýet hepdeligini tamamlady

Paýtagtymyzdaky “Watan” kinokonsert merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy hem-de türkmen we eýran sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy.


08.02.2017 | Dünýä bileleşigi Türkmenistanyň syýasatynyň ählumumy ähmiýetini ykrar etdi

2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu waka eziz Watanymyzyň dünýä giňişliginde uly abraýynyň bardygynyň hem-de sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge mynasyp goşandynyň ählumumy ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy boldy.


08.02.2017 | GDA-nyň Synçylar topary: saýlaw möwsümi açyk bäsdeşlik ruhunda we ýokary guramaçylyk derejesinde geçýär

Türkmenistanyň Mejlisi 2016-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, şeýle hem Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji maddasyna laýyklykda kabul eden karary bilen 2017-nji ýylyň 12-nji fewralyny Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlar güni diýip kesgitledi.


07.02.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk – Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär

Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barada Rezolýusiýany kabul etmegi mynasybetli ýurduyzyň halkyna ýüzlenme bilen çykyş etdi.


07.02.2017 | Milli ykdysadyýetiň ýanwar aýynda ýeten sepgitleriniň netijeleri jemlenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine bagyşlanan nobatdaky mejlisini geçirdi.


07.02.2017 | Dalaşgärler saýlawlara taýýarlyk görmek möwsüminiň çäklerinde ähli welaýatlaryň we paýtagtymyzyň saýlawçylary bilen duşuşyklary geçirdiler

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler saýlawçylar bilen geçiren duşuşyklarynyň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda boldular, saýlawçylary saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalary bilen tanyşdyrdylar, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek, ilatymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak hem-de dünýä bileleşiginde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmak babatynda garaýyşlaryny beýan etdiler.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter