Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

09.01.2017 | Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde 2016-njy ýylda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri seljerildi

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu gün geçirilen giňişleýin mejlisinde 2016-njy ýylyň jemleri jemlendi. Onda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň döwlet Baştutanymyzyň beren anyk tabşyryklary we görkezmeleri babatda şu döwürde ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlendi.


09.01.2017 | Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 250 gün galmagy mynasybetli Lebap welaýatynyň zähmetsöýer ilatyna hem-de Türkmenistanyň ähli halkyna

Lebap welaýatynyň zähmetsöýer ilaty! Eziz watandaşlar, mähriban halkym! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Turkmenistan döwletimiziň we agzybir halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da belende göterjek 2017-nji ýylyň şanly wakasy bolan Yapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 250 gün galmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!


09.01.2017 | TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň kazyyetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda


09.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti söweşjeň baýdaklary gowşurdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümlerini kämilleşdirmek maksady bilen döredilen täze harby bölümlere söweşjeň baýdaklary gowşurdy.


09.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär M. Annanepesow 11-nji ýanwarda Änewde saýlawçylar bilen duşuşar

Ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlanýar.


08.01.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumyna baryp gördi we täze dünýä inen taýçanaga Ruhubelent adyny dakdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýola goýlan asylly däbe görä, Täze ýylyň ilkinji günlerinde atçylyk toplumyna baryp gördi. Türkmen halkynyň häsiýetiniň we zehininiň utgaşmagy bilen döredilen deňsiz-taýsyz ahalteke bedewleri gezdirip ýören wagty hormatly Prezidentimize täze taýçanagyň dünýä inendigi barada şatlykly habary aýtdylar.


07.01.2017 | Birža täzelikleri 7-nji Ýanwar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy.


07.01.2017 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Gadyrly doganym, Täze 2017-nji ýyl mynasybetli Sudan Respublikasynyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Size we Türkmenistanyň halkyna hem-de Hökümetine gyzgyn gutlaglarymy ýollaýaryn.


06.01.2017 | Ýanwar ýynda täze ýyl dabaralaryndan hem-de ýaş zehinleriň bäsleşiklerinden ybarat wakalara baý bolar

Ýanwar aýy medeni wakalara baý bolar. 10-njy ýanwara çenli Söwda-senagat edarasynda, “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde, Gökderedäki çagalar sagaldyş –dynç alyş merkezlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda çagalaryň gatnaşmagynda Täze ýyl baýramçylyk dabaralary dowam etdiriler. Döwlet sirkinde Russiýa Federasiýasyndan gelen sirk artistleriniň çykyşlary dowam edýär.


06.01.2017 | Garabogazda gurulýan karbamid zawodynyň gurnama işleri geçirilýär

Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge niýetlenen zawod gurulýar. Taslama “türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan “Misubishi Corporation” (Ýaponiýa) we “Gap Inşaat” (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen bilelikde amala aşyrylýar. Gazhimiýa toplumy Daniýanyň “Haldor Topsoe”, Italiýanyň “Saipem”, Niderlandlaryň “Uhde Fertilazer”, ABŞ-nyň “UOP” kompaniýalarynyň döwrebap tehnologiýalary we häzirkizaman enjamlary bilen üpjün ediler.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter