Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

25.04.2020 | Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndaky dabaralara gatnaşdy

Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Şol dabaralaryň çäklerinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik ugruna degişli hünärleriň wekilleriniň arasynda geçirilen ýaryşlaryň ýeňijilerini we baýrak eýelerini sylaglamak dabarasy boldy.


24.04.2020 | Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň X mejlisi

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň X ýubileý mejlisi geçirildi. Bilelikde geçirilen mejlise ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.


24.04.2020 | Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň metjidinde agzaçar sadakasyny berdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän metjidinde mukaddes Oraza aýynyň birinji gününde agzaçar sadakasyny berdi.


24.04.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň X mejlisinde eden çykyşy

Biz şu gün Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýubileý mejlisini geçirýäris. Bilelikdäki mejlise ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny, welaýatlaryň häkimlerini, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalaryny we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryny çagyrdyk.


24.04.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň merkezindäki seýilgäh zolagynyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýubileý mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap barýarka, ýolugra wise-premýer Ş.Durdylyýewiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowyň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň merkezinde bina edilen behişdi bedewlerimiziň heýkeliniň abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşdy.


24.04.2020 | Atçylyk pudagynyň ussatlaryny sylaglamak dabarasy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli pudagyň has tapawutlanan işgärlerine «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni, «Gaýrat» we «Watana bolan söýgüsi üçin» medallaryny gowşurmak hem-de «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» we «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlary dakmak dabarasy boldy.


24.04.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda


24.04.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda


24.04.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda


24.04.2020 | Resmi habarlar

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk hem dünýä ýaýmak we atşynaslyk sungatyny ösdürmek hem-de Ýer ýüzünde atşynaslaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, assosiasiýanyň agzalarynyň, şol sanda daşary ýurtly agzalarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen, şeýle hem assosiasiýanyň müdiriýetiniň teswirnamasyna laýyklykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Kararlara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda, degişli daşary ýurtlaryň hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň birnäçesi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter