Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

20.05.2017 | Şu hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ABŞ-nyň 51 million dollaryna barabar eksport geleşikleri baglaşyldy

Şu hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy.


19.05.2017 | Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana iş sapary bilen geldi

Şu gün agşam hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana geldi.


19.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň rektoryny kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Sukuba uniwersitetiniň (Ýaponiýa) rektory jenap Nagata Kýosukeni kabul etdi.


19.05.2017 | Türkmen türgeniniň bürünç medaly

Azerbaýjanyň paýtagtynda dowam edýän IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda türkmen türgenleri bürünç medaly gazandylar. Şu gün hormat münberiniň üçünji basgançagyna 97 kilograma çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça ýaryşlarda çykyş eden Ýusup Melejaýew çykdy.


19.05.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awaza boýunça welosipedli gezelenç etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady.


19.05.2017 | Kazanda Türkmenistanyň wekilýetiniň agzalarynyň Tatarystanyň baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygy boldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Kanunçylyk we kanunçylyk kadalalary komitetiniň Başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda «Russiýa –yslam dünýäsi: «Kazansummit-2017» atly ýokary derejedäki IX Halkara ykdysady geňeşiniň umumy mejlisine gatnaşmak üçin Kazana gelen wekilýeti Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşyk geçirdi.


19.05.2017 | Tatarystanyň paýtagtynda Aziada-2017-niň tanyşdyrylyşy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän türkmen wekiliýeti “Russiýa – yslam dünýäsi: “Kazansummit-2017” atly IX Halkara ykdysady sammitiň umumy mejlisine gatnaşdy.


19.05.2017 | Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň ýoly bilen

Ýekşenbe güni, 21-nji maýda Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka - aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça çykyp gidenleriň ýerine Mejlisiň deputatlarynyň hem-de welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda halk maslahatynyň agzalarynyň, Geňeş agzalarynyň saýlawlary geçiriler.


18.05.2017 | Türkmen türgenleri ýene dört medala eýe boldular

Azerbaýjanyň paýtagtynda geçirilýän we 57 ýurtdan 3 müňden gowrak türgen gatnaşýan IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň ýedinji gününde türkmen türgenleriniň ikisi gatnaşýan boks boýunça final tutluşyklar esasy sport wakalarynyň biri boldy. Ýaryşlaryň barşynda ýurdumyzyň toparynyň gazanan sylaglarynyň üsti bir altyn we bir kümüş medal, şeýle hem düýnki ýaryşlarda mynasyp bolnan bir bürünç medal bilen dolduryldy. Grek-rim göreşi boýunça şu gün türgenimiz bir bürünç medala mynasyp boldy.


18.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda milli senenamamyzyň iň şanly seneleriniň biri — Konstitusiýanyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenilýär. Esasy Kanunymyzyň kabul edilen gününi hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi birleşdirýän ählihalk baýramy türkmen halkynyň ruhy we demokratik ýörelgeleriniň dowamatlylygyny özünde jemleýär, milli bitewüligi hem-de agzybirligi dabaralandyrýar.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter